Jebislikde dünýä nusga bolýan halkymyz mähriban Watanymyzyň sahawatly gujagynda ýene-de bir milli senäni — mukaddes Gurban baýramyny garşy aldy. Döwrümize öwüşgin berýän bu baýram adamlaryň köňlüni päkläp, ýagşylyga çagyrýar. Gurbanlyk — halallygyň, arassaçylygyň, agzybirligiň, birek-birek bilen didarlaşmagyň baýramy.
Milli däp-dessurlarymyza siňen Gurban baýramy bu gün bagtyýar halkymyzyň abadan durmuşda ýaşaýandygyny, Türkmenistanyň döredijiligiň we ösüşleriň ýoly bilen beýik geljege barýandygyny alamatlandyrýar. Mukaddes Gurban baýramyna bagyşlanyp, üç günüň dowamynda paýtagtymyz Aşgabatda, eziz Diýarymyzyň ähli şäherdir obalarynda geçiriljek baý mazmunly, köp öwüşginli aýdym-sazly dabaralar kalplarymyza şahandazlyk paýlar. Türkmen ülkesiniň ähli ýerlerinde dikilen toý sallançaklarynyň bady ýurdumyzyň ösüşlerini alamatlandyrsa, hatar-hatar gazanlarda taýýarlanýan milli tagamlarymyz egsilmez rysgal-berekedimiziň nyşanydyr.
Bilşimiz ýaly, Käbä zyýarat etmek yslamyň bäş parzynyň biri hasaplanylýar. Mukaddes Gurban baýramy hem bütin musulman ymmatynyň haj parzyny berjaý edýän döwrüne gabat gelýär. Tutuş dünýäniň zyýaratçylarynyň millionlarçasy bilen bir hatarda, ildeşlerimiziň hem şu sahawatly günlerde mukaddes Käbä tagzym etmek we beýleki däp bolan dessurlary berjaý etmek üçin Mekgä hem-de Medinä ugradylmagy döwletimiziň ata-babalarymyzyň ynsanperwer ruhy-ahlak ýörelgelerine ygrarlydygynyň aýdyň beýanydyr.
Baýramçylyk dabaralary bagtyýar durmuşa buýsanyp, täze üstünlikleri gazanmaga, belent sepgitlere ýetmäge egsilmez güýç-kuwwat berýär. Baýram günlerinde dünýäde parahatçylyk we dost-doganlyk syýasatyny alyp barýan eziz Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň hatyrasyna gurbanlyk sadakalary berlip, bereketli desterhanyň başynda kalplary aklyga, niýetleri ýagşylyga besläp, päk arzuwlar, ýagşy doga-dilegler edilýär.
Jeýhun AŞYROW,
TDP-niň Kerki etrap komitetiniň başlygy.