SliderŽurnalistiň sahypasy

Arkadag şäheri — milli binagärligiň merjeni

28-06-2023 / 14

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen sanlyja ýyllaryň içinde Köpetdagyň eteginde häzirki zamanyň «akylly» şäher konsepsiýasynyň ýörelgeleri esasynda gurlan ajaýyp şäher — Arkadag şäheri kemala geldi. Türkmenistanyň Kanuny esasynda bu ajaýyp şähere döwlet ähmiýetli şäher diýen hukuk derejesi berildi. Munuň özi berkarar döwletimizde halkymyzyň bagtyýar ýaşaýşy, abadan durmuşy, nurana geljegi barada edilýän taýsyz tagallalaryň aýdyň mysalydyr.

Ynsanyň ady üç zat: ýetişdiren perzentleri, ýazan kitaplary, guran binalary bilen ebedi ýaşaýar. Arkadag şäheri — Gahryman Arkadagymyzyň mukaddes türkmen topragynda, gadymy Oguz ýurdunda ak mermerli binalar bilen ýazan kämil sungat eseri. Bu şäher milli binagärligiň merjeni, ajaýyp nusgasy. Köpetdagyň jana şypaly tebigy aýratynlyklarynyň hem-de ynsan eli bilen döredilen Arkadag şäheri gözellikleriň ajaýyp sazlaşygy.

Dünýäniň häzirki zaman şäherleriniň hatarynda möhüm orny eýelejek Arkadag şäheriniň agşamky görnüşlerinde halkymyzyň milli ruhuna kybap gelýän özboluşly gözellik bar. Şäheriň owadan görnüşli yşyklandyryjylary özüniň älemgoşar öwüşginleri bilen ynsan kalbyna ýakymly täsir edýän görnüşleri döredýär. Bu künjegiň arassaçylyk derejesi, döwrebap ýagdaýda abadanlaşdyrylan çäkleri şäheriň tyllaýy agşamlary bilen utgaşyp, sungat eserine çalymdaş gözelligi emele getirýär. Bu görnüşleriň agşamyň ýakymly howa gurşawy bilen sazlaşygy adamlaryň göwnüni göterýär, olary täze sepgitlere ruhlandyrýar. Aýratyn-da, şäheriň agşamky görnüşlerini guşuçar belentlikden synlanyňda, bu ýerde adam eli bilen döredilen täsin gözelligiň şaýady bolýarsyň.

Gahryman Arkadagymyzyň yhlasy bilen gurlan häzirki zaman şäheriniň bezeg aýratynlyklaryna we abadanlaşdyrylyşyna, yşyklandyryş ulgamynyň özboluşly gözelliginiň üpjün edilmegine hemmetaraplaýyn esasda çemeleşilendigini görkezýär.

Milli Liderimiz Arkadag şäheriniň ýaşlaryň şäheri bolmalydygyny belleýär. Täze, «akylly» şäheriň döwrebap durmuş düzümlerinde ýaşlara uly orun degişlidir. Çünki ýaşlar — döwletimiziň şu günki daýanjy hem geljegi, ösüşlerimiziň hereketlendiriji güýji. Arkadagly Serdarymyzyň, Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde amala aşyrylýan giň gerimli işler, durmuşa geçirilýän beýik özgertmeler, şol sanda gurulýan döwrebap obadyr şäherler, ilkinji nobatda, ýaşlaryň bagtyýarlygyny, halkymyzyň röwşen geljegini nazarlaýar.

Şäherde medeni-durmuş we önümçilik maksatly binalardyr desgalar bilen birlikde medeni-seýilgäh zolaklarynyň döredilmegine, owadan suw çüwdürimleriniň gurulmagyna-da möhüm ähmiýet berilýär. Munuň özi täze şäheriň gurluşygynda ekologik talaplaryň berk berjaý edilmeginiň, adamlaryň bagtyýar we uzak ömür sürmegi üçin arassa howa gurşawynyň döredilmeginiň birjik-de ünsden düşürilmeýändigini görkezýär. Şahyryň aýdyşy ýaly, binasy berk, belent-belent jaýlary özünde jemleýän döwrebap Arkadag şäheriniň gündizleri görkana, gijeleri nuranadyr. Bu şäheriň müň dürli öwüşginli yşyklary özünde jemleýän gijeki owadan görnüşleri göýä asmandan Zemine, gojaman Köpetdagyň etegine inen ýyldyzlardan düzülen monjuga çalym edýär. Bu beýik işler şu günki we geljekki nesilleriň bagtyýar durmuşyny, abadan ýaşaýşyny üpjün etmäge gönükdirilendir.

Muhammet MYRADOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara hukugy fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu