SliderŽurnalistiň sahypasy

Nusgawy edebiýatymyzyň ägirdi

27-06-2023 / 9

Beýik türkmen şahyry Magtymgulynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna halkara derejede taýýarlyk görülmegi söz ussadynyň belent ynsanperwer taglymlara ýugrulan döredijiliginiň umumadamzat gymmatlygydygyny görkezýär.

2022-nji ýylda TÜRKSOÝ-nyň Hemişelik geňeşiniň nobatdaky mejlisinde 2024-nji ýyl «Beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» hem-de ýurdumyzyň Änew şäheri 2024-nji ýyl üçin «Türki dünýäniň medeni paýtagty» diýlip yglan edildi. Bu taryhy wakalar halklaryň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmäge, medeni hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga, şonuň bilen birlikde-de, akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny has-da dabaralandyrmaga, onuň edebi mirasyny giňden wagyz etmäge uly ýardam berer.

Ýeri gelende, Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 290 ýyllygy mynasybetli TÜRKSOÝ-nyň Hemişelik geňeşiniň 2014-nji ýyly «Magtymgulynyň ýyly» diýip yglan edendigini hem bellemelidiris. Munuň özi şahyryň döredijilik mirasynyň dünýä derejesinde öwrenilmegine mynasyp goşant goşdy.

Şahyryň agzybirlik, bitewülik baradaky goşgulary nesilleri halallyk, zähmetsöýerlik, ynsanperwerlik, watançylyk ruhunda terbiýelemekde uly ähmiýete eýedir. Türkmen halkynyň durmuş pelsepesine öwrülen ol ajaýyp şygyrlar, öňe sürlen taglymatlar, öwüt-ündewler we ýörelgeler bu gün tutuş adamzadyň diliniň senasyna öwrüldi.

Şirinden-şirin şygyrlarynyň üsti bilen pelsepewi garaýyşlary halkyna bagyş eden Magtymguly Pyragynyň goşgularyndaky ynsanperwer pikir-garaýyşlar asyrlar geçse-de, gymmatyny ýitirmeýär. Ýaňy-ýakynda Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumy ÝUNESKO-nyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna girizildi. Bu buýsançly waka, bir tarapdan, ussat şahyryň döredijiliginiň ähmiýetiniň hem-de ornunyň dünýäde ykrar edilýändigini aňlatsa, beýleki tarapdan, halkymyzyň dünýä medeniýetine, ylmyna, edebiýatyna, sungatyna mynasyp goşant goşýandygyny alamatlandyrýar.

Dilafruz KURBANOWA,
TSTP-niň Lebap welaýat komitetiniň işjeň agzasy, hususy telekeçi.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu