Göwün küýsegiSlider

Şu günlerde bütin durkum lirika…

Poeziýa muşdaklary şahyr Agageldi Italmazowyň lirikasy bilen has öňden tanyş

26-06-2023 / 23

Ýeser aşyk

Şol gün obamyzda bagtlyň biri
Öýlendi, toý tutdy bagtyna gowşup.
Söýgiň tagamyna düşündim şol gün
Seniň şo-ol garamyk gözlerňe duşup.

Süýjüdi söýginiň sepilligi-de,
Entetdiň, ahyram razy bolduň sen.
Men-ä yşk şalygnyň şazadasydym,
Şol ajap şalyga şa gyz bolduň sen.

Şondan soň alawlap çep gursagymda
Söýgi diýen güýjüň ýakan ataşy,
Gör-le, söýgiň tagamynda asal bar,
Ne süýjedi sagatlaryň ötüşi.

Söýgiň emrindedir daňlaň atyşy,
Söýgiň emrindedir Günüň batyşy.
Ynanmarsyň, däldir erkimde hatda
Ellerimiň elleriňi tutuşy.

Şeýdibem ömrümiň uly utuşy
Söýgä bagyşladym barym-ýogumy.
Öňler diňe adyň tutup oňýarkam,
Çykardym bir ýerden «Ýeke-tägimi».

Şu günlerde bütin durkum lirika,
Kän diňleýän söýgi hakda aýdymy.
Sähetdir şu, bolup bilmez başga zat,
Şu gün agşam ejeň dagy öýdemi?..

***
Henizem

Mekdeplikden näme ýadyma düşýär?
Ilkinji parta.
«Harplyk» hem baş «A».
Köpeltmek hem bölmek…
Düşümler…
Atlar…
H2O, ýene nämeler başga?

Wiý-wiý, Pifagoryň teoremasy,
Hemem azda-kände fiziki zynjyr.
«Maşaň enesine gutap äkiden
Aýy bir töňňede alanmyş dynjyn…».

Onsoň näme, dogry, ikilik, bäşlik,
Kiçijik jezalar bezzatlyk etseň.
Hem…
Syrly sereden jadyly gözler…
Ah, şol gözler…
Ýatlamalaň baryndan
Nämçünkä, henizem görünýär rüstem?!

***
Ýaşyrmak derkar däl

Deň etmän, duş etmeýärmikä ýa-da
Duş edip, soň deňleýärmi, bilmedim.
Jogap tapyp bilmän, oýlanýan käte
Sen özüňi maňa deňlediňmikäň,
Ýa-da men dünýämi saňa deňledim.

Geň görme ýaňlytmaç mysaly sözlem,
Üns berseň, bu ikimiz hakynda.
Ýoklugyňda başmyň ýüz tary üzler,
Gaýdyp gelmese-de seni tapamda.

Ýadyňdamy, başda beýle-de däldi,
Indi bolsa ekiz ýaly pikirler.
Sözleň çapraz döwri geçmişde galdy,
Bu gün olar bir çeşmeden akarlar.

Maksadymyz, matlabymyz bir biziň,
Birdir indi öňki-soňky ýolumyz.
Bir ýana süýşürip bütin Ýer ýüzün,
Şo-ol başda-da bile doglan ýaly biz.

Gülme, sözlerimi kesä-de çekme,
Men diňe ýüregme gelenni diýýän.
Mundan soň nä derkar ýaşyrmak, bukmak:
Saňa düýnem kalpdan baglydym welin,
Şu gün düýnkimden has beterräk söýýän.

***
Ýylgyryş

Dag başynda million ýyllyk buzlaryň
Haçan dörändignem bilenok hiç kim.
Şonça million tomuslaram, ýazlaram
Ýöredip bilmändir olara höküm.

Ýöne ynsan kalbyn örten buzlugy
Eretmäge, belki, bir sekunt ýeter.
Güllär onsoň göwünleriň ýazlagy,
Buzluk bolsa gitse-gelmeze ýiter.

Bir ýylgyryş ― müň bir derdiň dermany,
Bir ýylgyryş ― çözgüdi müň jedeliň.
Bir ýylgyryş, bir sekuntlyk ýylgyryş
Çözlär göwnüň gatbar-gatbar kerebin.

Hergiz ýeňýän däldir gazaby gazap,
Gaýta, ýene gazap goşar egnine.
Emma görseň, bir kiçijik ýylgyryş
Dag ýaly gazaby boýun egdirer.

Gaharlykaň, dodak dişlemä derek
Dişlerňi görkezip ýylgyryp bolsa…
Hemmejesi hut şol halda çakmazmy
Kalbyň bir ýerinde ýyldyrym bolsa.

Ýylgyryň, ýürekden ýylgyryň, çünki
Ýylgyryş ýaşaýşyň sarsmaz sütüni.
Bir ýylgyryş bilen bütin dünýäni
Baky abat saklap boljak ekeni.

Agageldi ITALMAZOW.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu