
Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky baş akademiki drama teatrynda Türkmenistanyň at gazanan artisti Gülälek Akmyradowanyň režissýorlyk etmeginde, Towşan Esenowanyň pýesasy esasynda sahnalaşdyrylan «Gelin gelýär» atly sahna eseriniň ilkinji görkezilişi boldy.
Aşgabatda dowam edýän Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde görkezilen sahna eserine hepdelige gatnaşyjylar, paýtagtymyzyň ýaşaýjylary we myhmanlary, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününiň öňüsyrasynda tomaşaçylara hödürlenen täze sahna eseri ildeşlerimiz üçin özboluşly baýramçylyk sowgady boldy.
«Gelin gelýär» atly sahna eserinde Türkmenistanyň at gazanan artisti Maýagül Annaýewa, artistler Artyk Artykow, Selbi Babylowa, Selbinýaz Berdiýewa, Gurbangözel Akmyradowa, Suraý Seýidowa, Perhat Babaýew, Ysmaýyl Jommukow, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby Mahym Nuryýewa dagy çykyş etdiler. Oýnuň sahna bezegini Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Maksat Amangylyjow, egin-eşik bezegini Güljemal Saparowa, saz bezegini Magtymguly Saparow, yşyk bezegini Röwşen Mätiýew ýerine ýetiripdir.
«TürkmenGazet».



