
24-nji iýunda paýtagtymyz Aşgabatda Türki döwletleriň Medeniýet hepdeliginiň açylyş dabarasy boldy. Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda geçirilen dabara ýurdumyzyň medeniýet ulgamynyň ýolbaşçylary we wekilleri, TÜRKSOÝ-nyň Baş sekretary, Gazagystanyň, Azerbaýjanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň, Türkiýäniň medeniýet we sungat ussatlary gatnaşdylar.
TÜRKSOÝ-nyň döredilmeginiň 30 ýyllygy mynasybetli 24 — 29-njy iýun aralygynda Aşgabatda geçirilýän Türki döwletleriň Medeniýet hepdeligi medeni-ynsanperwer ulgamdaky halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge we berkitmäge uly ýardam berer.
Halkara çäräniň ýurdumyzda dowam edýän Medeniýet hepdeligi bilen utgaşykly guralmagynda aýratyn many-mazmun bolup, onuň açylyş dabarasy aýratyn ýatda galyjy boldy. Ilkinji nobatda, hormatly Prezidentimiziň Türki döwletleriň Medeniýet hepdeliginiň açylyş dabarasyna gatnaşyjylara iberen Gutlagy uly ruhubelentlik bilen diňlenildi.
Halkara çäräniň açylyş dabarasy türki döwletleriň döredijilik toparlarynyň bilelikdäki konserti bilen dowam etdi. Konsertiň dowamyndaky aýdym-sazly çykyşlar köpöwüşginliligi bilen tapawutlanyp, tomaşaçylaryň ruhuny belende göterdi. Hususan-da, Azerbaýjan Respublikasynyň Döwlet tans toparynyň ýerine ýetiren «Azerbaýjan tansy», Gyrgyz Respublikasynyň sungat ussatlarynyň «Manas» dessanyndan aýdan parçalary, çalan sazlary köpleriň ünsüni özüne çekdi.
Türki döwletleriň Medeniýet hepdeliginiň meýilnamasy uly we baý çäreleri göz öňünde tutup, ol üstünlikli dowam edýär.
«TürkmenGazet».



