Habarlar

Germaniýada Türkmenistanyň Ykdysadyýet güni geçiriler

24-06-2023 / 16

Şu ýylyň 26-29-njy iýuny aralygynda Germaniýada Türkmenistanyň ykdysadyýet güni geçiriler. Germaniýanyň Ykdysadyýet komitetiniň habar bermegine görä, Türkmenistanyň Türkmenistanyň söwda-senagat edarasynyň ýolbaşçylygyndaky ýokary derejeli wekiliýet Germaniýada saparda bolar. Bu barada «newscentralasia.net» habar berýär.

Iki ýurduň ministrlikleriniň, pudaklaýyn edaralarynyň hem-de hususy pudagyň wekilleriniň gatnaşmagynda geçiriljek Türkmenistanyň ykdysadyýet günleriniň çäklerinde nebithimiýa, gurluşyk we dokma senagaty toplumyndaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklary ara alnyp maslahatlaşylar.

Ykdysadyýet gününiň çäklerindäki esasy tanyşdyryş işleri 27-nji iýunda Dýusseldorf Biznes klubynda geçiriler. Geçiriljek çäräniň baş maksady Germaniýanyň telekeçilerini Türkmenistanyň ykdysadyýeti, eksport mümkinçiligi, daşary söwda we maýa goýum syýasaty, şeýle hem önümçilige innowasiýa tehnologiýalaryny ornaşdyrmak wezipeleri bilen tanyşdyrmakdan ybarat bolar.

Banu JIÝANOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň Agronomçylyk fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu