Her ýyl Fransiýanyň paýtagty bolan Parižde geçirilýän «Paris Air Show» atly sergi soňky 4 ýylyň dowamynda geçirilmändi. Bu sergide ýolagçy otlulary, elektrik energiýasy bilen işleýän kiçi görnüşli uçarlar, uçýan taksiler, uzakdan dolandyrylýan uçýan enjamlar, dikuçarlar ýaly howada hereket edýän islendik ulagy görmek bolýar.
Bu ýyl 54-nji gezek geçirilýän sergä gatnaşyk hem diýseň ýokary ösüşe eýe. Nobatdaky sergä dünýäniň 47 ýurdundan 2 müň 500 kompaniýa gatnaşýar. Pariž-Le Buržede geçirilýän sergi 25-nji iýuna çenli dowam eder. Maglumatlara görä, sergä 320 müňden gowrak adamyň baryp görmegine garaşylýar. Sergide kosmos pudagyna degişli täzelikleri hem görmek bolýar.
Ýolagçy uçaryny öndürmekde dünýäde öňdebaryjy hasaplanýan «Boeing» hem serginiň çäklerinde köp mukdarda sargyt alydyr. Sargytlaryň köppelmegi soňky ýyllarda syýahatçylyk pudagyndaky görkezijileriň ýokarlanmagynyň täsiriniň bardygy bellenilýär.
Sergide arassa ýangyçly tehnologiýalar hem görkezildi. Awiasiýa pudagynyň 2050-nji ýyla çenli dolulygyna howany hapalamaýan ýagdaýa getirilmegi maksat edinilýär.
Sergi ilkinji gezek 1908-nji ýylda geçirilipdir.
«TürkmenGazet».