SliderŽurnalistiň sahypasy

Sözi dür, setiri altyn

23-06-2023 / 13

Gündogaryň meşhur akyldary, türkmen nusgawy edebiýatynyň düýbini tutujy Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny ýokary derejede bellemek barada Karara gol çekilmegi halkymyzyň arasynda her bir setiri nakyla öwrülen, her bir setiri akyla barýan, halkymyzyň ýürekden uýýan dana şahyry Magtymguly  atamyza bolan söýgüsini ýene bir gez belende göterdi.

Magtymguly atamyz diňe bir türkmeniň däl-de, bütin dünýäniň söýgüli şahyry diýsek, öte geçdigimiz bolmaz. Garaşsyzlyk ýyllarynda Magtymguly atamyzyň goşgularynyň dünýä halklaryň dillerine terjime edilip başlanmagy bilen, ony dünýä indi has-da giňden tanap başlady.

Dünýäniň beýik akyldary Magtymguly Pyragy özüniň döredijilik dünýäsinde aýal-gyzlaryň edep ekramy, olaryň gylyk-häsiýeti, iş başarjaňlygy barada hem birnäçe öwüt-nesihat beriji ajaýyp sözleri aýtmak bilen, olaryň terbiýeli, çeper elli, mylaýymzada, süýji dilli gözelleriň, il-içinde at-abraýynyň, mertebesiniň hemişe belentde tutulýandygy belleýär. Şeýle-de goşgy setirleriniň üsti bilen iş ýakmazlyk, ýaltalyk ýaly häsiýetleri bolan gelin-gyzlaryň hem bolşuny ýazgaryp, her bir gözeliň ilki özüniň, öý ojagynyň arassaçylygyna üns bermelidigini, öz maşgalasyna, ata-enesine we il-içinde ula-kiçä hormat goýup, özlerini edepli alyp barmalydyklary barada nesihat berýär.

Türkmen halkynyň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň döwletlilik, berkararlyk, agzybirlik hakynda asyrlar aşyp gelen isleg-arzuwlary Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hasyl boldy. Dana Pyragynyň pähim-paýhasa watançylyga ýugrulan goşgularynda arzuw edişi ýaly,  bu günki gün mähriban halkymyz bagtyýar, abadan durmuşda ýaşaýar. Häzirki döwürde Magtymguly Pyragynyň dürdäne goşgulary dünýäniň ençeme dillerinde terjime edilip, bagtyýarlygyň, ynsanperwerligiň, dost-doganlygyň belent waspyna öwrüldi. Berkarar döwletimizde Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününiň bilelikde bellenilmegi, türkmen medeniýetiniň, sungatynyň, edebiýatynyň baky bitewüliginiň, berk sazlaşygyndan nyşandyr.

Enejan PURSIÝANOWA,
Türkmenabat şäherindäki 40-njy orta okuw mekdebiň müdiri.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu