
Şu ýylyň 21-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa Abu Dabide Anwar Gargaş adyndaky Diplomatik akademiýanyň baş müdiri Nikolaý Mladenow bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda N.Mladenow türkmen wekiliýetine akademiki işleri, diplomatik işgärleri taýýarlamak we ylmy barlaglary geçirmek ýaly hereketleri özünde birleşdirýän bu bilim edarasynyň gurluşy hem-de wezipeleri barada maglumat berdi.

Soňra ýygnak akademiýanyň mugallymlar topary bilen giňeldilen görnüşde dowam edip, Anwar Gargaş adyndaky Diplomatik akademiýanyň gözleg, neşir, ylmy we amaly işleri goşmak bilen usulyýet we okuw meýilnamasy barada hem giňişleýin maglumat berildi.
BAE-iň ýokary okuw mekdebinde bilim pudagynda hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri barada pikir alyşyldy. Hususan-da, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklar instituty bilen Anwar Gargaş adyndaky Diplomatik akademiýasynyň (AGDA) arasynda gol çekilen Özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama esaslanyp, iki okuw jaýynyň mugallymlarynyň arasynda tejribe alyşmak mümkinçiligine seredildi. Munuň bilen birlikde, taraplar şu ýylyň güýzünde Türkmenistan Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymlarynyň we talyplarynyň AGDA-a okuw saparyny guramak barada ylalaşdylar.
Mansur BERDINAZAROW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.



