
2023-nji ýylyň 21-nji iýunynda Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky Hemişelik wekilhanasynda Türkmenistan bilen Trinidad we Tobago Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagy hakynda Bilelikdäki Beýannama gol çekildi. Bu barada «newscentralasia.net» habar berýär.
Gol çekişlik dabarasyndan öň Türkmenistanyň BMG-däki Hemişelik wekili Aksoltan Ataýewa bilen Trinidad we Tobago Respublikasynyň BMG-däki hemişelik wekili jenap Dennis Fransisiň arasynda konstruktiw pikir alyşma geçirildi. Ilçiler dostlukly gatnaşyklary ösdürmäge we syýasy, ykdysady we medeni ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge, şeýle hem halkara guramalarynyň, hususan-da Birleşen Milletler Guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge berk ygrarlydyklaryny nygtadylar we Bilelikdäki Beýannama gol çekdiler.
Taraplar ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn derejede hyzmatdaşlygyň geljegi barada pikir alyşdylar, şeýle hem BMG-niň gün tertibinde Türkmenistan we Trinidad we Tobago Respublikasy üçin gyzyklanma bildirilýän meseleleri, hususan-da öňüni alyş diplomatiýasy we dialog, parahatçylyk we howpsuzlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Duşuşykda ilçi Ataýewa BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisiniň prezidenti wezipesine saýlanmagy bilen ilçi D.Fransisi tüýs ýürekden gutlady.
D.Fransis Türkmenistanyň Hökümetini we halkyny Trinidad we Tobago bilen diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagy mynasybetli gutlady hem-de bu gatnaşyklaryň has ýokary derejede uzak möhletleýin hyzmatdaşlygyň ösmegine itergi berjekdigini nygtady. Şeýle-de bu möhüm gatnaşygyň iki ýurduň arasynda uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy has ýokary derejede güýçlendirjekdigini aýtdy.
Döwletmyrat HAJYÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara hukugy fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.



