Siziň üçin...Slider

Dünýädäki iň uly Garri Potter seýilgähi

23-06-2023 / 5

Indi Hogwartsyň hatlaryna garaşyp bilmersiňiz. Garry Potteriň jadyly mekdebine girip ondan lezzet almak üçin Tokio syýahat ediň. Seýilgäh Ýaponiýanyň Nerima etrabynda ýerleşip, 30 müň inedördül metri tutýar.

The Warner Bros studiýasy – Garri Potteriň entek görmedik önümçilik eseridir. Bu ýer Garri Potteriň muşdaklary üçin ajaýyp merkezdir. Bu ýere gelýänler franşizanyň döredilmegi barada öwrenip, janly portretler bilen söhbet edip, filmiň gahrymanlarynyň halaýan içgilerini içip bilersiňiz. Süpürgäniň üstünde uçup, “Hogwarts Express” -e hem münüp bilersiňiz. Umuman, bu ýerde wagtyňyzy gyzykly geçirmek üçin güýmenje köp.

Seýilgähiň baş müdiri Torben Jensen: “Iki ýyllap çeken zähmetimiz we taýýarlygymyzdan soň, gapylarymyzy giňden açyp, Garri Potteriň muşdaklaryny garşy alýarys” diýýär.

Jeýhun HUDAÝBERDIÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu