
Şu ýylyň 22-25-nji noýabr aralygynda Türkiýe Respublikasynyň Antalýa şäherinde «Growtech 2023» atly XXII Halkara sergi geçiriler. Bu sergide esasan ýyladyşhana, oba-hojalyk tehnologiýalary we maldarçylyk enjamlary görkeziler. Bu barada «expomap.ru» saýty habar berýär.
Maglumatlara görä, bu sergä iň köp gatnaşyjy ýurtlaryň ilkinji onlugynda Eýran, Iordaniýa, Müsür, Yrak, Russiýa, Azerbaýjan, Marokko, Özbegistan, Liwan we Gazagystan ýaly döwletler bar. Geçen ýyl geçirilen bu halkara sergä 123 ýurtdan jemi 58 müň 555 sany myhman gatnaşypdyr.
«Growtech 2023» -iň işewürlik programmasy, adatça çäräniň başlanmagyna has ýakyn wagtda çap edilýär. Mundan başga-da, «Growtech 2023» ýakyn wagtlarda sergä gatnaşyjylarynyň doly sanawyny serginiň resmi web sahypasynda ýerleşdirier. Antalýa sergi merkezine nädip barmalydygyny ýerleriň katalogynda ýa-da sahypanyň resmi web sahypasynda tapyp bilersiňiz!
Yhlas MÄHEKOW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň 2-nji ýyl talyby.



