Habarlar

«Arkaç» operasynyň ilkinji görkezilişi boldy

23-06-2023 / 11

Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli her ýyl täze operanyň sahnalaşdyrylmagy indi asylly däbe öwrüldi. 22-nji iýunda paýtagtymyzda Medeniýet hepdeliginiň badalga almagy mynasybetli Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda «Arkaç» operasynyň ilkinji görkezilişi boldy.

Täze sahna eseriniň režissýory Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Aýnazar Batyrowdyr. Onuň librettosyny bolsa Türkmenistanyň halk ýazyjysy Gowşutgeldi Daňatarow ýazdy. Türkmenistanyň halk artisti Gurbanmyrat Babaýew opera dirižýorlyk etdi.

Operada XIX asyryň wakalary beýan edilýär. Bu barada Gowşutgeldi Daňatarow “Türkmenistan” gazetine beren interwýusynda şeýle diýýär:

— «Arkaç» operasyny halk hakydasynda ýaşaýan «Aýna-Söhbet» dessanynyň mazmuny esasynda ýazmak bilen, biz ony döwrebaplaşdyrmaga çalyşdyk. Wakalar gadymy Arkaç ýaýlasynda bolup geçýär. Operanyň adyny «Arkaç» diýip atlandyrmagymyzyň sebäbi üstümizdäki ýylda Medeniýet hepdeliginiň Aşgabat şäherinde geçirilýändigi bilen bagly. Çünki gözel paýtagtymyz gadymy Arkajyň merkezinde ýerleşýär.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu