
Ildeşlerimiz Gyrgyz Respublikasynyň paýtagty Bişkekde geçirilen Merkezi Aziýanyň karate-do boýunça VIII çempionatynda şowly çykyş etdiler. Çempionata 200-den gowrak türgen gatnaşyp, Türkmenistanyň ýygyndysyna 24 karateçi wekilçilik etdi. Ildeşlerimiz Merkezi Aziýanyň çempionatynda 11 medala mynasyp bolup, şolaryň ikisi altyn, biri kümüş, sekizisi bürünç medallardyr.
16-17 ýaşly türgenleriň arasynda kata görnüşinden bäsleşen Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabyndaky ýöriteleşdirilen 1-nji orta mekdebiň 10-njy synp okuwçysy Yslam Annaorazow ýaryşy altyn medal bilen tamamlady. 14-15 ýaşly türgenleriň arasynda kumite görnüşinden 63 kg agram derejesinde güýç synanyşan Mary welaýatynyň Baýramaly şäherindäki 20-nji orta mekdebiň 10-njy synp okuwçysy Gurbannazar Gurbannazarow hem iň ýokary netijäni gazanmagy başardy.
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyby Arzuw Seýitgulyýew 18 — 29 ýaşly türgenleriň arasynda kumite görnüşinden 55 kilograma çenli agram derejesinde kümüş medal gazandy. Şeýle hem Perhat Atamyradow 14-15 ýaşly türgenleriň arasynda, Didar Babaýew 18 — 29 ýaşly karateçileriň ýaryşynda kata boýunça bürünç medala mynasyp boldular. Erkin Taganow (14-15 ýaşly türgenleriň arasynda, 52 kg), Röwşen Ataýew (16-17 ýaşly türgenler, 55 kg), Daýanç Orazdurdyýew (16-17 ýaşly türgenler, +76 kg), Ýusup Garajaýew (18 — 29 ýaşly türgenler, -55 kg), Dawut Nazmyradow (18 — 29 ýaşly türgenler, -84 kg) hem-de Şanepes Hudaýberdiýew (18 — 29 ýaşly türgenler, +84 kg) dagy kumite boýunça bürünç medallary eýelediler.
«TürkmenGazet».



