Habarlar

ÝUNESKO sanly bilim ulgamyny ösdürmekde Türkmenistana tehniki goldaw berip biler

22-06-2023 / 10

ÝUNESKO sanly bilim ulgamynda Türkmenistana tehniki goldaw berip biler. Bu barada Türkmenistanyň ÝUNESKO-daky hemişelik wekili Maksat Çaryýewiň ýakynda, has takygy, 9-njy iýunda ÝUNESKO-nyň Bilim tehnologiýalary institutynyň müdiri Tao Jan bilen geçirilen duşuşygynda ara alnyp maslahatlaşyldy.

Tao Jan Türkmenistanyň tehnologiýa arkaly bilim mümkinçiliklerini giňeltmek baradaky işlerine ýokary baha berdi. ÝUNESKO-nyň global hyzmatdaşlygy ösdürmäge ygrarlydygyny belläp, Türkmenistanda sanly bilim strategiýalarynyň durmuşa geçirilmegine goldaw bermäge taýýardygyny nygtady.

Duşuşykda maglumat tehnologiýalaryny okuw meýilnamalaryna girizmegiň ähmiýeti we sanly sowatlylyk boýunça giňişleýin meýilnamalary ösdürmegiň zerurlygy ýaly dürli temalar ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada «Newscentralasia» ýazýar.

Ilçi Türkmenistanyň sanly bilimi ösdürmek boýunça başlangyçlary we tagallalary barada belläp, bu başlangyçlary mundan beýläk-de öňe sürmekde ÝUNESKO-nyň toplan tejribesine we goldawyna gyzyklanma bildirdi.

Nurly TÄÇDURDYÝEW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň Agronomçylyk fakultetiniň Ýyladyşhana hojalygy hünäriniň talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu