
22-nji iýunda her ýyl geçirilmegi däbe öwrülen Medeniýet hepdeligi paýtagtymyzda öz işine başlady. Açylyş dabarasy Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde geçirildi.
Hormatly Prezidentimiziň Medeniýet hepdeligine gatnaşyjylara iberen Gutlagynda bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň paýtagtynda hem-de welaýatlarynda yzygiderli geçirilýän Medeniýet hepdeligi türkmen medeniýetiniň we sungatynyň özboluşly baýramydyr. Medeniýet we sungat ussatlarynyň, döredijilik işgärleriniň Medeniýet hepdeliginde guralýan joşgunly çykyşlary bagtyýar durmuşymyzyň belent waspyna öwrülýär.
Hepdeligiň meýilnamasy özüniň hemmetaraplaýynlygy, giň gerimliligi, köpdürlüligi bilen tapawutlanýar. Şu gün 22-nji iýunda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde muzeý işini kämilleşdirmäge bagyşlanyp geçiriljek iş maslahatydyr usulyýet okuwlary, muzeýleriň gaznasyndan milli gymmatlyklarymyzyň sergisi hem täsirli çäreleriň hatarynda orun alar. Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynyň taýýarlan hem-de ilkinji gezek görkeziljek «Arkaç» atly operasy teatryň artistleriniň döredijilik forumyna ajaýyp baýramçylyk sowgady bolar.
Günüň ikinji ýarymynda «Türkmengaz» döwlet konserniniň medeni-işewürlik merkezinde Aşgabat şäheriniň hem-de Ahal welaýatynyň sungat ussatlarynyň konserti geçiriler.
Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde Ak bugdaý etrabynda ýerleşýän «Nowruz ýaýlasyndaky», şeýle hem Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlaryndaky «Türkmeniň ak öýi» binalarynda medeniýet we sungat ussatlarynyň baýramçylyk konsertleri guralar.
«TürkmenGazet».



