
Bilşimiz ýaly, 2023-nji ýylyň mart aýynda Said Raşed Al-Mheýri ýaşlygyna garamazdan, ilkinji kitabyny çap etdirip, bu ugurda iň ýaş ýazyjy hökmünde dünýä rekordyny goýupdy. Ýaş ýazyjy ilkinji kitabyny çap etdireninden 20 gün soňra bu kitabyň dowamyny ýazmak başartdy. Bu barada Ginnesiň rekordlar kitabynyň saýtynda hem habar berilýär.
Kitap BAE-de 13 ýaşa çenli çagalara gönükdirilen «Rainbow Chimney Educational Aids» täjirçilik neşirýaty tarapyndan çap edildi. Düzgünlere laýyklykda, kitap azyndan 1000 sany çap nusgasy bilen satylmaly. Ýaş ýazyjynyň maşgalasy bu görkezijini 2023-nji ýylda Abu-Dabide geçirilen Halkara kitap ýarmarkasynda gazanyp başardy.
«TürkmenGazet».



