
Öňümizdäki 2024-nji ýylda agyr atletika boýunça dünýä çempionaty Bahreýnde geçiriler.
Mälim bolşy ýaly, Bahreýn bilen bir hatarda Ermenistan we Albaniýa bu dünýä çempionatyny kabul etmek üçin dalaşgär bolupdy. Bahreýniň Agyr atletika federasiýasynyň ýolbaşçysy, Aziýanyň agyr atletika boýunça federasiýasynyň dolandyryjyar geňeşiniň iş ýaş agzasy Eshak Ebrahim Eshak Halkara agyr atletika federasiýasyna minnetdarlyk bildirdi.
Çempionaty öňümizdäki ýylyň noýabr-dekabr aralygynda Bahreýniň paýtagty Manama şäherinde geçirmek göz öňünde tutulýar. Ol Pariž şäherinde geçiriljek Olimpiýa oýunlaryndan 1 ýa-da 2 aý soňra geçiriler.
Şamuhammet JÜMMIÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň 1-nji ýyl talyby.



