Türkmenleriň arasynda Lukman Hekim, Ýewropada Awisenna, ylymlar äleminde «Lukmançylygyň atasy», gündogarda bolsa “Alymlarbaşy” diýlip tanalýan – Abu Aly ibn Sina ýer ýüzünde öçmejek yz galdyran meşhur alymlaryň biridir.
Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy aýtmyşlaýyn «Dört müň dört ýüz ýaşan» Lukman Hekimiň ― taryhyň iň görnükli alymlarynyň biri Abu Aly ibn Sinanyň meşhurlygy bütin dünýä ýaýrandyr. Alym gündogarda doglup, gündogarda ýaşap, gündogarda ylym bilen meşgullanandyr. Ylymda Ibn Sinanyň meşgullanan, dürli ylmy iş ýazan ugurlarynyň hemmesini sanap çykmak mümkin däldir. Ibn Sina astronomiýadyr fizikada-da, himiýadyr zoologiýada-da, geologiýadyr geografiýada-da, hatda şygryýetdir sazda-da ymykly yz galdyrypdyr. Akyldar «Ikinji mugallyma», ýagny Abu Nasr Al Faraba özüniň halypasy hökmünde garapdyr: «Ol (Faraby) körlere ýagtylyk berdi, ol biziň mugallymymyz» diýip, öz ruhy halypasyna uly sarpa bilen garapdyr.
Ibn Sinanyň ömrüniň belli bir bölegi saparlarda geçipdir. Ol özüniň gymmatly eserleriniň köpüsini şu saparlar wagtynda döredipdir. Ibn Sinanyň Merkezi Aziýanyň ençeme ylym ojaklarynda, şol sanda Köneürgenç hem-de Nusaý şäherlerinde ylmy işlerini ýazandygy we hassalary bejerendigi hakynda taryhy maglumatlarda duş gelmek bolýar. Ibn Sina iň köp kitap ýazan alymlaryň biridir. Onuň eserleriniň sany 450-den gowrak bolup, olar filosofiýa, lukmançylyga hem-de ylmyň beýleki dürli ugurlaryna degişli işlerdir. Ibn Sina Gürgenjiň, Merwiň, Buharanyň iri kitaphanalarynda saklanan gadymy grek alymlarynyň — Gippokratyň, Galeniň we beýleki akyldarlaryň lukmançylyk bilen bagly arap diline terjime edilen eserlerini içgin öwrenipdir.
Lukman Hekimi, esasan, «lukmançylygyň atasy» hökmünde tanaýarlar. Onuň bu babatda ýazan işlerini, dürli dertleri bejeriş usullaryny häzirki wagtda giňden peýdalanýarlar. Alym öz ýazgylarynda lukmançylyk ylmy hakynda şeýle belläp geçýär: «Lukmançylyk kyn ylymlardan däl, şonuň üçinem men ony şeýle bir gysga wagtyň içinde öwrendim welin, lukmançylygyň iň bir güýçli adamlary hem lukmançylyk ylmyny menden öwrenmäge başladylar». Akyldar 16 ýaşyndaka Buhara emiri Nuh Ibn Mansury agyr keselden halas edip, onuň köşk kitaphanasyndan peýdalanmaga mümkinçilik alýar. «Men bu kitaphanada şeýle bir kitaplar tapdym, olar hakda ozal eşitmändim we olary şondan soňky ömrümde hiç haçan görmedim» diýip, gymmatly hem seýrek kitaplary ezberlik bilen okap, ylmy dünýägaraýşyny baýlaşdyrandygyny ýatlaýar.
Jürjen şäherinde özüniň geljekki şägirdi Abu Ubeýt Jüzjany bilen tanyş bolýar. Akyldar bu şäherde 46 sany ylmy eserini, şol sanda «Lukmançylyk ylmynyň kanunlary» atly meşhur eseriniň birinji bölümini ýazýar.
Akyldar 1023-nji ýylda dogany Mahmyt hem-de öz şägirtleri bilen Yspyhana barýar. Yspyhan şäheri beýik akyldaryň has öndümli işlän, zähmet çeken ýeri hasaplanýar. Ol bu ýerde «Lukmançylyk ylmynyň kanunlary» atly iri göwrümli eserini ýazyp tamamlapdyr.
Ibn Sinanyň «Lukmançylyk ylmynyň kanunlary» atly eseri XII asyrda latyn diline terjime edilýär. XII asyrda ýaşan Nyzamy Aruzy Samarkandy diýen alym: «Kanun» bilen tanşylandan soň, galan lukmançylyk kitaplaryny okamak artykmaçlyk eder» diýip, onuň ähmiýetine ýokary baha beripdir.
Ibn Sina «Lukmançylyk ylmynyň kanunlarynda» keselleriň döremeginde we geçip gitmeginde durmuş şertleriniň aýgytly ähmiýeti niň bardygyny belleýär. Ol: «Her bir zada akyl ýetirmek, eger ol döreýän bolsa, onuň sebäbine akyl ýetirmek arkaly amala aşyrylýar we kämilleşdirilýär, şonuň üçin-de lukmançylyk hem saglygyň we keseliň sebäbini bilmeli. Keseliň döreýşi howa şertine, iýmite, suwa, ýaşaýyş-durmuşyna we daşky gurşawyň täsiri bilen baglanyşyklydyr» diýýär. Bu gün ösen lukmançylyk ylmy hem köp babatda taryhyň iň güýçli lukmanlarynyň biri bolan bu şahsyýetiň işlerine daýanýar.
Lukman Hekimiň ady arap edebiýatynda hem köp agzalyp geçilýär, onuň parasatly setirlerine, döreden tymsallaryna gabat gelmek bolýar. Onuň galamyna degişli diýlip hasap edilen tymsallaryň toplumy «Lukmanyň tymsallar kitaby» ady bilen Pariž şäherinde saklanýar. «Lukmanyň tymsallar kitabynda» jemi 41 sany tymsal bar bolup, olaryň aglabasy gylyk-häsiýet bilen baglanyşykly, öwüt-nesihat şekilindäki tymsallardyr. Şu ýerde şeýle tymsalyň birini mysal getirsek:
Bir gün gara tenli kişi eşiklerini çykaryp, bedenine gar sürtüp başlady. Munuň sebäbini soranlarynda, ol: «Ähtimal, agararyn» diýip, jogap berdi. Oňa bir dana şeýle diýdi: «Eý, pylany! Awara bolma, teniň gary gara etmegi mümkin, emma ol garaňy ak edip bilmez!».
Häzirki wagtda dünýäniň çar künjünde lukman-alyma uly sarpa goýulýar. Abu Aly ibn Sinanyň adyna lukmançylyk öýleri, ýokary okuw mekdepler, sagaldyş öýleri hem açylýar. Ýaňy-ýakynda hem Fransiýanyň Rýuýeý Malzemon şäherinde Abu Aly ibn Sinanyň heýkeli açylydy. Bu heýkel Ýewropanyň görnükli alyma goýýan beýik hormatynyň nobatdaky nyşanydyr.
Agakuwwat ALLABERDIÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara hukugy fakultetiniň mugallymy.