
20-nji iýunda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynda dabaraly maslahat geçirildi. Ol Eýran Yslam Respublikasynyň Beýik ruhy lideri Aýatolla Ali Hameneýiniň türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa iberen “Magtymguly Pyragynyň goşgular diwanynyň” iki jiltlik ýygyndysynyň sowgat hökmünde gelip gowuşmagyna bagyşlandy.
Maslahatyň dowamynda iki goňşy ýurduň halklarynyň taryhyň dowamynda ýygjam gatnaşykda bolandygy, şunda medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyga möhüm ähmiýet berlendigi barada aýdyldy. Bellenilişi ýaly, parahatçylyk söýüjilik we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna ygrarly bolan Türkmenistan Eýran Yslam Respublikasy bilen ýola goýlan hyzmatdaşlygyň ähli ugurlar boýunça ösdürilmegine möhüm ähmiýet berýär. Munuň özi ýurdumyzyň daşary syýasat strategiýasynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Eýran Yslam Respublikasynyň Beýik ruhy lideri Aýatolla Ali Hameneýiniň türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna sowgat hökmünde “Magtymguly Pyragynyň goşgular diwanynyň” iki jiltlik ýygyndysyny ibermegi iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň işjeň ösdürilýändiginiň we goňşy döwletiň ýurdumyza aýratyn sarpa goýýandygynyň aýdyň beýanydyr.
«TürkmenGazet».



