Habarlar

Täze kitabyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi

20-06-2023 / 8

19-njy iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Daşary işler ministrligi tarapyndan «Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy» atly täze kitabyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Tanyşdyrylyş dabarasyna daşary ýurtlaryň we halkara guramalarynyň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalarynyň, Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçylary we işgärleri, Halkara gatnaşyklary institutynyň we Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň professor-mugallymlary we talyp ýaşlary gatnaşdylar.

Täze kitabyň tanyşdyrylyş çäresinde çykyş edenler neşiriň içinde ýerleşdirilen suratlara üns çekip, olarda geçen ýyllaryň dowamynda Milli Liderimiziň başda durmagy bilen gaznanyň işleriniň ýola goýluşynyň, ýurdumyzyň saglygy goraýyş edaralarynda, hususan-da, Arkadag şäherindäki Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde döredilen amatly şertleriň ýokary derejede açylyp görkezilýändigini bellediler. Nygtalyşy ýaly, türkmen, rus, iňlis dillerinde giň okyjylar köpçüligine niýetlenen, «Gurplulygyň öz şertleri bar», «Beren eliň berekedi artar», «Durmuşyň gymmaty — saglyk», «Hossarlyk — öçmez umyt», «Howandarlyk jebisligi döredýär» atly bölümlerden ybarat bolan neşiriň diliniň çeperçiliginiň, bezelişiniň özboluşlylyklara eýe bolmagy, onda pikirler, maglumatlar bilen birlikde halk aýtgylarynyň, nakyldyr atalar sözleriniň, taryhy şahsyýetleriň durmuşyndan mysallaryň getirilmegi jüpüne düşüpdir.

Tanyşdyrylyş dabarasynda şeýle ynsanperwer, haýyr-sahawatly işleriň ýola goýulmagyna hemmetaraplaýyn berk binýat döreden we bu ýagşy amallaryň dowam bolmagy üçin ähli zerur şertleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, döwletli tutumlarynyň hemişe rowaç bolmagy arzuw edildi.

Taňryberdi MYRATLYÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymy.
Foto: awtor.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu