
Hindistanyň meşhur aktýory Akşaý Kumar öz muşdaklary bilen selfie arkaly surata düşmekde rekord goýdy. Kumar öz muşdaklary bilen 3 minutda 184 surat düşüp, Ginnesiň rekordlar kitabyna girmegi başardy. Bu barada «economictimes.indiatimes.com» saýty habar berýär.
Bolliwud ýyldyzy Mumbaý şäherindäki Mehbub Studios diwarlygynda muşdakalry bilen surata düşmek işini alyp bardy. Kumar hem-de onuň muşdaklary bu surata düşmek çäresine öňünden taýýarlyk gördüler. Şeýlelikde, hindi aktýorynyň muşdaklary iki hatara düzüldiler. Kumar bolsa, olaryň arasynda öz ornuny aldy. Ol özüne amatly ýer edinip, iki tarapa öwrülip durup, her bir adam bilen çalt depginde surata düşmek mümkinçiligine eýe boldy.

Netijede, Kumar 3 minutda 209 sany surata düşüpdir, ýöne eminler olaryň käbirini hiliniň pesdigi üçin käbirlerini hasaba almandyr. Muňa garamazdan, 3 minutda 184 gezek surata düşen hindi aktýory Akşaý Kumar Uill Smitiň rekordyny täzelemegi başardy. Uill Smit bolsa 3 minutda 168 sany muşdagy bilen selfie suratyna düşüpdir. Wideoýazgysyna şu ýerden tomaşa edip bilersiňiz!
Aýmyrat JUMAGULYÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň 1-nji ýyl talyby.



