Siziň üçin...Slider

Saýawanlar barada gyzykly maglumatlar

20-06-2023 / 7

Maglumatlara görä saýawan biziň eýýamymyzdan öňki XII asyrda Gadymy Müsürde ýüze çykypdyr. Şol wagtlar saýawanlar diňe Günden goranmak üçin ulanylypdyr. Bu saýawanlar papirusyň hem-de beýleki agaçlaryň ýapraklaryndan ýasalypdyr. Ýagyşdan goranmaga niýetlenen saýawanlar bolsa Hytaýda ýüze çykypdyr.

Erkek adamlar Günden goranmak üçin ak, ýagyşdan goranmak üçin bolsa gara reňkli saýawany ulanypdyrlar. Zenanlar bolsa dürli reňkli nah we ýüpek matalardan tikilip, üsti gymmat bahaly daşlar bilen bezelen saýawanlary ulanypdyrlar. Bu saýawanlaryň tutawaçlary gül agajyndan ýa-da bambukdan ýasalyp, onuň ýüzüne eýesiniň ady ýazylýar eken.

Saýawan «umbros» diýen latyn sözünden gelip çykyp, ol «kölege» diýen manyny berýändir.

1830-njy ýylda Beýik Britaniýanyň London şäherindäki «James Smith and Sons» atly kärhana ilkinji bolup saýawan öndürip başlaýar. Bu ýerde öndürilen saýawanlaryň tutawaçlary kitiň süňkünden we tagtadan ýasalypdyr. 1852-nji ýylda bolsa Samuel Foks atly öndüriji tarapyndan saýawanyň dürli görnüşleri öndürilip başlanýar. Ilkinji ýygnalýan saýawan 1969-njy ýylda Bradford Filips tarapyndan oýlanyp tapylýar.

Şapolat AMANGYLYJOW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň 3-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu