Habarlar

«Ýaňlan, Diýarym! — 2023» telebäsleşiginiň Ahal welaýat tapgyry geçirildi

20-06-2023 / 16

Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» bäsleşiginiň çäginde höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň arasynda yglan edilen «Ýaňlan, Diýarym! — 2023» telebäsleşiginiň Ahal welaýaty boýunça jemleýji tapgyry geçirildi.

Änew şäherindäki Medeniýet öýüniň öňündäki giň meýdançada geçirilen dabara welaýatyň etraplaryndan deslapky gözden geçirişlerde saýlanan aýdymçylaryň 10-sy owadan toý sahnasyna ajaýyp çykyşlary bilen ruhubelentlik çaýdylar. Olar telebäsleşigiň şertleri esasynda estrada, halk we nusgawy aýdymlary ussatlarça ýerine ýetirdiler.

«Ýaňlan, Diýarym! — 2023» telebäsleşiginiň welaýat boýunça jemleýji tapgyrynda Ak bugdaý etrabyndaky 8-nji orta mekdebiň mugallymy, höwesjeň aýdymçy Batyr Şalarow hem-de şol etrabyň ýaşaýjysy, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň talyby Gurbansoltan Annalyýewa ýeňiji bolup, bäsleşigiň döwlet derejesindäki tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar. Welaýat bäsleşiginiň ýeňijilerine gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

«TürkmenGazet».

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu