
Mälim bolşy ýaly, ýakynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Buýrugyna laýyklykda, ildeşlerimiziň haj parzyny berjaý etmekleri üçin zyýaratçylarymyzy Saud Arabystany Patyşalygyna ibermek bellenildi. 15-nji iýunda Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenhowaýollary» agentligi tarapyndan guralan ýörite uçar gatnawy bilen türkmen zyýaratçylarynyň ilkinji tapgyry Mekgede we Medinede haj parzyny berjaý etmek üçin Saud Arabystany Patyşalygyna ugradylar.
Musulmanlaryň esasy baýramlarynyň biri bolan Gurban baýramynyň öňüsyrasynda ýurdumyzyň ähli welaýatlaryna we paýtagtymyza wekilçilik edýän watandaşlarymyz tutuş dünýäniň zyýaratçylarynyň millionlarçasy bilen bir hatarda, sahawatly günlerde mukaddes Käbä tagzym etmek we beýleki däp-dessurlary berjaý etmek üçin Mekgede hem-de Medinede bolarlar.
«TürkmenGazet».



