SliderŽurnalistiň sahypasy

Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça tagallalar

17-06-2023 / 10

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallary bilen beýik ösüşlere beslenýän Watanymyzda halkymyzyň bagtyýar we abadan durmuşda ýaşamagy ugrunda netijeli işler yzygiderli alnyp barylýar. Ýurdumyzyň raýatlarynyň sagdyn ýaşaýşyny üpjün etmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Ýaşlaryň beden we ruhy taýdan sagdyn bolmaklaryny üpjün etmek, ilat arasynda sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmek bolsa bu ugurda alnyp barylýan işleriň baş maksady bolup durýar.

Hemmämize mälim bolşy ýaly, Gahryman Arkadagymyz Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça 2022-2025-nji ýyllar üçin Milli maksatnama we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasyny tassyklapdy. Täze maksatnama temmäkiden azat ýurt hukuk derejesini kesgitlemek boýunça milli standarty döretmäge, bu babatda syýasatyň alnyp barlyşyna we kanunlaryň ýerine ýetirilişine aýratyn üns bermek bilen temmäkä garşy göreşmek ulgamyny berkitmäge, ilatyň arasynda temmäki önümlerine bolan islegi azaltmaga hem-de temmäkini ulanmagyň ýaramaz täsirleri barada ilatyň, ilkinji nobatda bolsa, ýaşlaryň habardarlyk derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Şeýle-de Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça 2022-2025-nji ýyllar üçin Milli maksatnamany amala aşyrmak boýunça Pudagara utgaşdyryjy topar döredildi we onuň düzümi tassyklanylypdy. Biziň ýurdumyz diňe bir sebitde däl, eýsem, tuutuş yklymda temmäkiden, şol sanda çilimkeşlik bagly beýleki ýaramaz endiklerden azat döwletleriň hatarynda tanalýar. Ýaramaz endikleri ýazgaryp, olaryň garşysyna göreşip, hem özümiziň, hem-de tutuş jemgyýetimiziň saglygyny goramak biziň her birimiziň mukaddes borjumyzdyr.

Ýaramaz endiklerden daşda durup, sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmak sagdyn endikleri gazanmaga hem-de sagdyn jemgyýeti gurmaga ýardam edýär. Häzirki wagtda 2025-nji ýyla çenli Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça görülýän çäreler uly rowaçlyklara beslenýär. Ýurdumyzda zyýanly endiklere garşy göreşmek, sagdyn durmuş ýörelgelerini pugtalandyrmak babatda uly işler işler alnyp barylýar. Köpçüligiň we ýaşlaryň arasynda geçirilýän wagyz-nesihat işleri, çilimiň saglyga zyýanly täsiri barada halka ýetirilýän maglumatlar, jemgyýetçilik ýerlerinde çilim çekmegi gadagan edýän resminamanyň kabul edilmegi özüniň oňat netijelerini berýär. Munuň özi müňlerçe adamyň saglygynyň temmäkiniň zyýanly täsirinden goralmagyna mümkinçilik berýär.

Halkymyzyň abadan durmuşda asuda ýaşamagy ugrunda beýik işleri durmuşa geçirýän Arkadagly Serdarymyzyň, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň janlarynyň sag, başlarynyň dik, belent maksatlarynyň elmydama rowaç bolmagyny arzuw edýäris!

Agakuwwat ALLABERDIÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara hukugy fakultetiniň mugallymy.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu