SliderTagamlary taýýarlamak

Iň gowy doňdurylan desertleriň sanawy

17-06-2023 / 12

Horwatiýaly žurnalist Matija Babiç tarapyndan 2015-nji ýylda esaslandyrylan we gastronomiýa hünärmenleriniň baha bermegine esaslanýan sanawlary bilen tanalýan «TasteAtlas» web sahypasy ýaňy ýakynda dünýäniň iň gowy doňdurylan desertleriniň sanawyny yglan etdi.

«Saffron ice cream». Eýranyň Daşary işler ministrligi safradan, gül suwundan we pisse önümlerinden Bastani Sonnati atly doňdurmanyň sanawda 1-nji ýerde durandygyny habar berdi. Eýranyň adaty doňdurmasy «TasteAtlas» tarapyndan dünýäniň iň gowy doňdurylan deserti diýlip yglan edildi.

Maraş doňdurmasy sanawda 3-nji orny eýeläp ol öz adyny Türkiýäniň Maraş şäherinden alyp gaýdýar diýip çak edilýär. Bu doňdurmany beýleki görnüşlerinden tapawutlandyrýan esasy zat, eremegine garşylygy we esasanam dykyz, çeýniji gurluşydyr. Bu häsiýetler esasy süýt we şeker garyndysyna iki sany galyňlaşdyryjy goşmak arkaly gazanylýar: mastika rezini diýlip hem atlandyrylýan sakgyç arap we gadymy gyrmyzy orkide kökünden ýasalan un görnüşi bolan salep.

«TürkmenGazet».

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu