Siziň üçin...Slider

Asman giňişligine keşt edip…

15-06-2023 / 42

Asman jisimleri: ýyldyzlar, Gün, Aý, planetalar we beýlekiler. Okan goşgularyňyzyň köpüsinde şahyrlaryň ýyldyzlary asman çüýjagazlara, Güni çörege, Aýy gädilen çörege meňzedendigini bilýänsiňiz. Asman jisimlerini öwrenýän ýörite ylmyň we ýöriteleşdirilen binalaryň bardygyny hem bilýänsiňiz. Biler bolsaňyz, asman jisimlerini öwrenýän ylmy-barlag edarasyna astronomik obserwatoriýa diýilýär.

Obserwatoriýalaryň esasy gözegçilik enjamy — teleskop. Ýöne täsin tarapy teleskop oýlanyp tapylmanka hem obserwatoriýalar bar eken. Alymlaryň  pikirine  görä, ilkinji obserwatoriýalaryň biri biziň eýýamymyzdan 2 müň ýyl ozal  döredilen Stonhendž obserwatoriýasydyr. Orta asyrlarda döredilen obserwatoriýalaryň iň meşhurlarynyň biri Samarkantdaky Ulugbegiň obserwatoriýasydyr.

Häzirki  wagtda Ýer ýüzünde 500-den gowrak  obserwatoriýa  hasaba alnyp, olarda  asman jisimlerine  gözegçilik  işleri  yzygiderli  dowam  etdirilýär. Dünýäde  iň  uly  teleskoplar  hökmünde  esasy  aýnasynyň  diametri  5 metr bolup, Maunt Palomar  obserwatoriýasynda  ýerleşýän  we  esasy  aýnasynyň  diametri  6 metr  bolup, Demirgazyk  Kawkazda  Zelençuk  stansiýasynyň  golaýynda  ýerleşýän  teleskoplary  belläp  geçmek  bolar. Olaryň  kömegi  bilen  ýagtylyklary  24  ýyldyz  ululygyna  ýetýän  asman  jisimleri  öwrenilýär.

Diýarymyzyň  elmydama  açyk  asmany  adamlaryň  ünsüni  hemişe  özüne çekipdir. ХХ  asyryň   ikinji  ýarymynda  türkmen    astronomlary H.Gulmedowyň, A.Sawruhiniň, G.Nasyrowyň,  M.Karabeýnikowanyň, Ý.Hanyň,  W.Hamidulinanyň  we  başgalaryň  geçiren  ylmy-barlag  işlerine görä, biziň  Diýarymyz  asman  jisimlerine  gözegçilik  etmek  boýunça  iň  amatly ýurtlaryň  biri  bolup, Çiliden  soň  dünýäde  ikinji  ýerde  durýar. Şeýle  hem  Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda  ýerleşenligi  üçin Diýarymyzyň  çäginde  gadym  wagtlarda  hem  astronomiýa  ylmyna  uly  üns  berlipdir. Muňa  gadymy  Merwiň  dünýä belli kitaphanasy  hakdaky  maglumatlar  şaýatlyk  edýär.

Türkmenistanyň çäginde ilkinji  obserwatoriýalar Nusaýda we gadymy Merwde gurnalyp, olarda asman  jisimlerine   gözegçilik  edipdirler. Gadymy Ürgenç galasynda  hem bir  obserwatoriýa  bolup, onda  dünýä  belli alymlar asman jisimlerine  gözegçilik   edipdirler. Asly sarahsly Ahmet  as-Sarahsy matematika, astronomiýa, filosofiýa  degişli  işleriň ençemesini  ýazypdyr. Beýik Ýüpek ýolunyň ugrundaky iň meşhur  şäherleriň biri bolan Merwde  doglan, belli türkmen matematigi  al-Habaş  al-Hasib gün sagady bilen meşgullanypdyr. Ol gün sagadynyň  kömegi  bilen  ilkinji bolup tangens we kotangensleriň tablisalaryny düzýär. Matematikler  uzak  wagtlap olaryň tablisalaryndan peýdalanypdyrlar. Omar Haýýam 1074-1075-nji  ýyllarda Merwdäki Mälik şanyň obserwatoriýasynda işläpdir.

Laçyn AŞYROWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň Agronomçylyk fakultetiniň Ýyladyşhana hojalygy hünäriniň talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu