Çepbekeýler adamzadyň az, emma ähmiýetli bölegini tutýarlar. Olar iş edenlerinde çep elini öňde baryjy eli hökmünde ulanýarlar. Şeýle-de bolsa, asyrlaryň dowamynda çepbekeýlige sebäbi näbelli kadadan çykma hökmünde garalyp gelendigi mälim. «Çepbekeý» sözi dünýä derejesinde «çemesiz», «ebeteýsiz» diýen manylary aňladýar. «Çepine ýatyp turan ýaly» aňlatmanyň manysynyň hem nirä baryp direýändigi hemmä mälim bolsa gerek. Rus alymlary T.A.Dobrohotowa we N.N.Bragina çepbekeýlere bolan şeýle garaýyşlaryň olaryň beýnisiniň funksional gurluşynyň ylmy taýdan çuňňur öwrenilmändigi bilen baglydygyny aýdýarlar.
Aslynda çepbekeý adamlar örän zehinli bolýarlar. ABŞ-nyň Aýowa uniwersitetiniň psihiatry Kamil Benbou saglakaý we çepbekeý talyplaryň arasynda olaryň matematika boýunça ukyplaryny barlamak maksady bilen geçirilen synagynda çepbekeýleriň ýokary netije görkezendiklerini belleýärler.
Çepbekeýler sportyň tennis, beýsbol, gylyçlaşma görnüşlerinde has-da tapawutlanýarlar. 1980-nji ýylda Moskwada geçen Olimpiada-da gylyçlaşma boýunça çempion bolan dört türgeniň üçüsi çepbekeýdiler.
Beýik Britaniýada meşhur çepbekeý adamlaryň sanowy düzüldi. Ol Rim imperatory Tiberiýadan başlap, artist Çarli Çaplinde tamamlanýar. Şol sanawda Leonardo da Winçi, Mikelanjelo, Benžamin Franklin ýaly belli adamlaryň atlary bar. Beýik serkerdeler Aleksandr Makedonly, Ýuliý Sezar, Napoleon hem çepbekeý bolupdyrlar. Şahyr Türkmenistanyň halk ýazyjysy Kerim Gurbannepesowyň hem çepbekeý bolandygyny gepiň gerdişine bellemek isleýäris.
Alymlar 20 asyrda çepbekeýlige ünsi has güýçlendirdiler, birnäçe makalalary ýazdylar. Bu syry gutarnykly açmak entek-hä olara başardanok. Ýöne çepbekeýlik hakdaky gürrüňiň gyzykly ýeri şunda: alymlaryň çaklamalary, ata-babalarymyzyň «Çepbekeýiň çemi ýok, eden işiniň kemi ýok» diýmegi bilen şu sözüň manysyny bary ýogy ýedi söze sygdyryp oturyberipdirler.
Mähriban JUMANAZAROWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyby.