
Türkmen samboçylary Astanada (Gazagystan) geçirilen Aziýa we Okeaniýa çempionatynda 26 medal bilen gazandylar.
Bäsleşige 30 ýurtdan, şol sanda, Awstraliýadan, Täze Zelandiýadan 600-den gowrak türgen gatnaşdy, olar ýetginjekleriň (18 ýaşdan geçmedik), ýigitleriň (20 ýaşdan geçmedik) we ulularyň arasynda «sport sambosy boýunça iň güýçli», şeýle hem ýigitleriň, gyzlaryň, erkekleriň we zenanlaryň arasynda «söweş sambosy boýunça iň güýçli» diýen at ugrunda bäsleşdiler. Bu ýaryşyň ýene-de bir aýratynlygy, Aziýa yklymynyň 11 ýurdundan gelen gözleriniň görüş mümkinçiligi pes bolan türgenleriň arasynda ilkinji gezek medal ugrunda bäsleşigiň geçirilmegidir.
Aziýa we Okeaniýa çempionatynda ýeňijileri höweslendirýän ýene bir aýratynlyk – 21-nji oktýabrdan 30-njy oktýabr aralygynda Er-Riýadda (Saud Arabystany) geçiriljek Bütindünýä söweş sungaty oýunlaryna gatnaşmaga hukuk gazanmak mümkinçiligi boldy.
Türkmenistanlylar sambonyň söweş görnüşinde-de, sport görnüşinde-de ýetginjekleriň (18 ýaşdan geçmedik) erkekleriň we zenanlaryň arasynda jemi 3 altyn, 7 kümüş we 16 bürünç medal gazanmak bilen tapawutlandylar.
Bellemek gerek, geçen ýyl Liwanyň Juniýa şäherinde geçirilen Aziýa çempionatynda türkmenistanly samboçylar 22 medal gazandy (3 altyn, 5 kümüş we 14 bürünç), bu bolsa şu ýylkydan dört medal azdyr.
Berdiýar NURHANOW,
Köýtendag etrabynyň 1-nji sport mekdebiniň Bedenterbiýe we sport bölüminiň müdiri.



