Tomus paslynyň gelmegi bilen Günüň ýiti şehlesinden goranmak zerurlygy ýüze çykyp başlady. Häzirki wagtda dürli modelleri we reňkleri bilen egin-eşiklerimize goşundy hökmünde ulanýan gündelik Güneşden goraýjy äýnekler hem söwda merkezlerinde öz ýerini aldy.
Ultramelewşe şöhleleriniň zyýanly täsirleri ýyllaryň dowamynda toplanyp bilýändigi sebäpli, bu şöhlelerden ýylyň ähli pasyllarynda we günüň ähli sagatlarynda özümizi goralmalydyrys. Tomusda ultramelewşe şöhleleriň mukdary gyşa garanyňda 3 esse köpelýändigi üçin ondan goranmak has wajypdyr. Äýnek saýlanyňyzda saçyňyzyň reňkini we ýüzüňiziň görnüşini göz öňünde tutuň!
Günden goraýjy äýnegi dakynanyňyzda hiç-hili bulaşyklyk bolmaly däldir. Eger-de, şekil bulaşyk bolsa, obýektiwiň hiliniň ýokdugyna göz ýetirip bilersiňiz. Gün äýnegi saýlanyňyzda häzirki zaman tendensiýalaryny hem göz öňünde tutup bilersiňiz. Şeýlelik bilen bu tendensiýalar size ýakyn ýol görkezip biler, ýöne esasy zat ýüzüňize laýyk modelleri saýlamakdyr.
Gün äýnegini satyn alanyňyzda, daş-töweregiňdäki adamlaryň pikirini soraň. Çünki daşarky göz size has obýektiw baha berip biler.
Ýüzüňize laýyk model barada karar bereniňizden soň, äýnegiň hiline hem göz aýlaň. Munuň üçin kepillik şahadatnamasy bolan önümleri satyn almak maslahat berilýär. Ýokary derejeli ultramelewşe süzgüçli äýnekler aýnadan ýasalmalydyr.
Günüň ýiti şehlesinden goranmak üçin dogry äýnegi saýlamalygyňyzy unutmaň!
Umyt MÖWLAMMYRADOW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň 1-nji ýyl talyby.