Lew Tolstoýyň «Uruş we parahatçylyk» atly romany nusgawy edebiýatyň iň meşhur sanly kitaplarynyň sanawynda birinji orny eýelemegi başardy. Bu barada «Litres» kitap hyzmaty merkeziniň metbugat gullugy habar berýär. Sanly wersiýada kitabyň 74 müň gezek göçürilendigi bellenilýär. Ikinji orny bolsa Fýodor Dostoýewskiniň «Jenaýat we jeza» atly roman eýeleýär.
«Litres» kitap hyzmaty merkeziniň hünärmenleri 2022-nji ýylyň 1-nji iýunyndan 2023-nji ýylyň 31-nji maýyna çenli aralykda mugt göçürip almagyň we kitap satuwynyň umumy sanyny seljerdiler. Seljeriş üçin rus we sowet nusgawy ýazyjylarynyň eserleri toplandy. Her bir eseriň elektron we ses formatlaryndaky ähli wersiýalary hasaba alyndy.
Lew Tolstoýyň «Uruş we parahatçylyk» atly epopeýa romany bäsleşigiň lideri diýlip atlandyryldy. Çünki roman 74 müň gezek göçürilip alnypdyr. Şeýle-de, iň meşhur 10 nusgawy kitaplaryň sanawynda Bulgakowyň «Morfiý» atly hekaýalar ýygyndysy, Dostoýewskiniň «Tentek» hem-de «Doganlar Karamazowlar» atly romanlary, Zamýatiniň «Biz» atly romany, I. Ilf we E. Petrowyň «Bir gatly Amerika. Hekaýalar» atly eseri, Puşkiniň «Kapitanyň gyzy» romany we Gogolyň «Öli janlar» atly romany öz ornuny almagy başardy.
Süleýman ÝOLÇYÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň 2-nji ýyl talyby.