Habarlar

Italiýanyň ozalky Premýer-ministri Silwio Berluskoni aradan çykdy

13-06-2023 / 8

TDH-da habar berlişi ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Italiýa Respublikasynyň Prezidenti jenap Serjio Mattarella Italiýanyň ozalky Premýer-ministri Silwio Berluskoniniň aradan çykandygy zerarly gynanç hatyny iberdi.

Hatda bellenilişi ýaly, görnükli syýasatçy we döwlet işgäri bolmak bilen, Silwio Berluskoni Italiýanyň öňe gitmegine, şeýle-de Türkmenistan bilen dostlukly gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna saldamly goşant goşdy.

Gahryman Arkadagymyz şu agyr pursatda merhumyň maşgala agzalaryna we dogan-garyndaşlaryna, Italiýanyň dostlukly halkyna ýürekden duýgudaşlyk bildirdi hem-de medet beriji sözlerini beýan etdi.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu