
13-nji iýunda Hazaryň türkmen kenarynda «Awaza — 2023» atly halkara tans we folklor festiwaly öz işine başlady.
Hormatly Prezidentimiziň festiwala gatnaşyjylara iberen Gutlagynda bellenilişi ýaly, ünýä halklarynyň tans hem-de folklor sungaty her bir halkyň özboluşly ýaşaýyş-durmuş ýörelgelerini, milli gymmatlyklaryny özünde jemleýär. Bu sungatyň esasy aýratynlygy ynsan kalbynda sungata bolan söýgini has-da ösdürýändiginden ybaratdyr. Sungata söýgi parahatçylyga, ynsanperwerlige söýgüdir. Tans we folklor toparlarynyň joşgunly çykyşlary agzybirlige, abadançylyga, dost-doganlyga çagyryşdyr, milli gymmatlyklara sarpa goýmaga ruhlandyryjydyr. «Awaza — 2023» atly halkara tans we folklor festiwalynyň esasy maksady hem dünýä halklarynyň parahatçylyk, dost-doganlyk ýörelgelerine bolan hormat-sarpasyny has-da belende götermekden, özara medeni gatnaşyklaryň binýadyny berkitmekden, halklaryň ruhy gymmatlyklaryny dünýä ýaýmakdan ybaratdyr. Ýurtlaryň arasynda medeni gatnaşyklaryň ösdürilmegi dünýäde ählumumy parahatçylyk ýörelgeleriniň dabaralanmagyna uly ýardam berýär.
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda geçirilýän «Awaza — 2023» atly halkara tans we folklor festiwaly dostlukly ýurtlaryň arasynda özara medeni hyzmatdaşlygy ösdürmäge, dünýä halklarynyň tans hem-de folklor sungatynda gazanan üstünlikleri bilen tanyşmaga, ony dünýä ýaýmaga uly ýardam berer.
«TürkmenGazet».



