
Dünýädäki öňdebaryjy oýun öndürijilerinden biri bolan «Playstation» ýaňy ýakynda 2023-nji ýylyň ilkinji uly mahabat çäresini geçirdi. Käbir oýunlar we PS5 täzelikleri «Showcase 2023» çäresinde oýun söýüjiler bilen duşuşdy. Ýakynda Diablo IV-iň ýolbaşçylygynda hödürlenjek oýunlar oýun dünýäsine öz goşandyny goşar.
Ýanwar aýyndan bäri ýaýradylan we ünsi özüne çeken oýunlar: «Hogwarts Legacy», «Resident Evil 4 Remake», «Minecraft Legends», «Star Wars Jedi: Halas ediji», «Zelda hakda rowaýat: Patyşalygyň gözýaşlary» ýaly oýunlar bolup, bu oýunlar meşhur bolmagy başardy. «Playstation Showcase 2023» wakasynyň we şu ýylda çykarylmagyna garaşylýan täze oýunlaryň sanawy:
DIABLO IV-iň ýolbaşçylygynda hödürlenjek täze oýunlar:
STREET FIGHTER 6;
FINAL FANTASY XVI;
ALAN WAKE 2;
SPIDER-MAN 2;
METAL GEAR SOLİD 3 REMAKE;
ASSASSIN’S CREED MIRAGE;
DRAGON’S DOGMA 2.
«TürkmenGazet».



