SliderTagamlary taýýarlamak

Ertirlik taýýarlamaga wagty bolmaýanlar üçin ajaýyp tagam

11-06-2023 / 13

Uzakly gün dok saklaýan ertirlik resepti! Şeýle-de bu ertirlik beden agramyňyzyň azalmagyna ýardam edýär!

Eger-de ertirlik taýýarlamaga wagtyňyz ýok bolsa ýa-da ýumurtga, peýnir, konditer önümleri, ýa-da ertirlik naharyny iýmek islemeýän bolsaňyz, size gowy habar! Bu ertirlik nahary 5 minutda taýýarlanyp, şeýle tagamy dadyp görmek isleýänlere täze tagamy hödürleýär.

Bu tagam miwäni halaýan adamlaryň ählisi üçin hem ýakymly bolar.

Ertirlik naharyny taýýarlamak üçin gerekli önümler:

6-7 nahar çemçesi gatyk;
6-7 sany doňdurylan ýer tudana;
1 sany banan;
1 çaý çemçesi bal.

Ertirligiň üsti üçin:

1 nahar çemçesi süle;
1 nahar çemçesi kakos;
1 nahar çemçesi çia tohumy;
1 nahar çemçesi zygyr.

Taýýarlanylyşy:

Üstüne goýmak üçin sanalan önümlerden başga ähli önümleri blenderden geçiriň.

Soňra taýýar bolan garyndyny bir tabaga salyp, süle, kakos, çia tohumy we zygyr tohumyny goşuň.

Ertirlik naharyna öz halaýan tagamyňyza, möwsümiňize ýa-da döredijiligiňize görä önümleri saýlap goşup bilersiňiz. Işdäňiz açyk bolsun!

Merjen BAÝRAMOWA,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň 1-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu