Habarlar

UEFA-nyň taryhynda ilkinji oýunçy

11-06-2023 / 9

Bilşimiz ýaly, UEFA-nyň 3-nji derejeli klub ýaryşy Ýewropa Konferensiýa Ligasynda West Ham topary çempionlyk gazandy. Bu çempionlyk bilen toparyň goragçysy, braziliýaly italýan futbolçy Emerson Palmieri taryhy statistikanyň eýesi bolmagy başardy. Kubok 28 ýaşyndaky futbolçynyň UEFA-nyň 5 dürli guramaçylygyndaky kubogy hökmünde hasaba alyndy.

Emerson öň Çelsi bilen UEFA Ýewropa Ligasynda, UEFA Çempionlar Ligasynda, UEFA Kubogy ýaryşynda hem-de Ýewropa çempionatynda ýeňiş gazanypdy. Ol UEFA-nyň 5 dürli ýaryşynda çempionlyk gazanan ilkinji futbolçy bolmagy başardy.

West Hamyň goragçysy Emerson, konferensiýa ligasynyň finalynda ýeňiş gazanyp, UEFA-nyň bäş uly ýaryşynda ýeňiji bolan taryhda ilkinji oýunçy boldy.

«TürkmenGazet».

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu