Habarlar

Bilim ojaklary halkara sanawynda

10-06-2023 / 10

«The Impact Rankings — 2023» halkara sanawyna dünýäniň  104 döwletinden  we sebit boýunça 1799 uniwersiteti öz içine alýar. Times Higher Education (THE) iňlis gullugy BMG-niň 2015-nji ýylda yglan eden Durnukly ösüş maksatnamasynyň 17 maksadyna ýetmek ugrunda alyp barýan işlerine görä dünýä döwletleriniň ýokary okuw mekdepleriniň sanawyny kesgitledi.

Londonda ýerleşýän Times Higher Education (THE) dünýäde meşhurlyk gazanan ýokary okuw mekdepleriniň sanawyny düzmek boýunça iň öňdebaryjy gulluklaryň biri diýlip ykrar edilendir. Seljermeler esasynda düzülýän sanawy birnäçe ýyl bäri Times Higher Education (THE) žurnaly öz sahypalarynda çap edip gelýär.

Ýaňy ýakynda Times Higher Education (THE) ýyllyk neşirinde gullugyň garaşsyz halkara hünärmenleriniň düzen sanawy çap edilip, onda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň birbada sekizisiniň ady ýerleşdirilipdir.

Halkara sanawda dünýäniň abraýly ýokary okuw mekdepleri bilen bir hatarda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň 8-si hem abraýly orna mynasyp boldy. Olar Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti, Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty, Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika instituty, Türkmen oba hojalyk instituty, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty hem-de Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetidir.

Bibijemal SÖÝÜNOWA,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň 1-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu