
9-njy iýunda paýtagtymyzda 12 ýaşly we şondan kiçi oglan-gyzlaryň arasynda tennis boýunça Merkezi Aziýa ýurtlarynyň sebitleýin ýaryşynyň ýapylyş dabarasy geçirildi.
Paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherçesiniň Tennis toplumynda bäş günläp dowam eden sport ýaryşynda Türkmenistanyň, Owganystanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň we Täjigistanyň ýaş ýygyndy toparlary diňe bir altyn medal üçin däl-de, eýsem, Aziýa çempionatynyň jemleýji tapgyryna gatnaşmaga iki ýollanmany eýelemek ugrunda hem göreşdiler.
Sport ýaryşynyň soňky netijeleri we baýraklaryň eýeleri ýaryşyň jemleýji gününde mälim boldy. Gyzlaryň arasyndaky ýaryşda Gazagystanyň ýygyndy topary özbegistanly garşydaşlaryny 3:0 hasabynda ýeňip, birinji orna mynasyp boldy. Özbegistanyň ýygyndy topary bolsa ikinji orny eýeledi. Täjigistanyň toparyny şu hasap bilen ýeňen gyzlar ýygyndy toparymyz bürünç medala eýe boldy. Ildeşlerimiz täjigistanly bäsdeşleri bilen geçiren duşuşyklarynda ynamly ýeňiş gazandylar. Ýekelikde we jübütleýin geçirilen duşuşyklaryň hiç haýsynda-da olar garşydaşlaryna utuk gazanmaga mümkinçilik bermediler. Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň düzüminde ýaş tennisçiler Aýlar Kakabaýewa, Anna Ponýatowa we Näzli Hudaýgulyýewa sport ýaryşynyň bürünç medalyna eýe boldular.
Oglanlaryň arasyndaky ýaryşda dartgynlylyk we şowhun sport ýaryşynyň soňky pursadyna çenli dowam etdi. Oglanlar ýygyndy toparymyz Özbegistanyň ýygyndy toparyny 3:0 hasabynda ýeňmegi başaryp, netijede, sport ýaryşynyň kümüş medalyny eýeledi hem-de Aziýa çempionatynyň jemleýji tapgyryna gatnaşmak üçin ýollanma eýe bolmaga mümkinçilik aldy. Munuň üçin biziň ýygyndy toparymyza täjigistanly garşydaşlaryny ýeňmek, Özbegistanyň toparynyň hem gazagystanly garşydaşlaryndan utulmagy zerurdy. Garaşylyşy ýaly, ugurdaş geçirilen oýunda gazagystanly tennisçiler Özbegistanyň ýygyndy toparyny 3:0 hasabynda ýeňip, altyn medaly gazandylar. Bu bolsa ildeşlerimiziň ikinji orna bolan mümkinçiligini has-da artdyrdy.
Gowşut ANNAGULYÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň 1-nji ýyl talyby.



