Habarlar

Karýerasyny «Inter Miami» -da dowam eder

10-06-2023 / 5040

Argentinanyň milli ýygyndysy bilen ilkinji dünýä çempionlygyny gazanan ýyldyz hüjümçi Lionel Messi karýerasyny Amerikada dowam etdirer. Bu barada «www.flashscore.com» saýty habar berýär.

Mälim olşy ýaly, ýyldyz futbolçy Messiniň haýsy toparda oýnajakdygy baradaky habarlar sport neşirleriniň sahypalarynda öz ornuny alypdy. Hat-da Messiniň Saud Arabystanyna gitmegine hem garaşylypdy. Ýa-da onuň futbol dünýäsinde meşhurlyk gazanan «Barselona» toparyna gaýdyp geljekdigi  barada hem gürrüňler bardy.

Ýöne muňa garamazdan Lionel Messi öz karýerasyny ABŞ-nyň «Inter Miami» toparynda dowam etdirmegi makul bildi.

«TürkmenGazet».

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu