
Kýoto uniwersitetiniň gözlegçileri, ýapon başlangyjy Sumitomo tokaý hojalygy bilen bilelikde agaçlary kosmos şertlerinde material hökmünde ulanmak kosmos taslamalarynyň durnuklylygynda üstünlik gazanyp biljekdigini anykladylar. Bu barada «www.gismeteo.ru» saýty habar berýär.
Aslynda, bu pikir 2020-nji ýylda durmuşa geçirilip başlanypdyr. Şol wagtlarda bilermenler topary Ýaponiýanyň Aerokosmiki gözleg gullugynyň wekilleri bilen ISS-e 3 görnüşli agaç ibermek we kosmos şertlerinde durnuklylygy barlamak üçin hyzmatdaşlyk edipdir.
Gözleg, kosmos ykdysadyýetine ekologiýa taýdan arassa we durnukly çözgütler üçin möhümdir, sebäbi hemra we beýleki ulaglar ömrüniň ahyryndan soň köplenç orbitada galýarlar we daşky gurşawa zyýan ýetirýär.
Kosmos şertlerinde agaçdan peýdalanmak parnik gazlarynyň mukdaryny azaldyp, sarp edilen ulaglaryň ýer atmosferasyna gaýdyp gelmeginde alýuminiň ýanmagy bilen baglanyşykly meseläni bölekleýin çözer diýlip garaşylýar.
Gözlegçiler ilkinji agaç hemrasyny 2024-nji ýyldan başlap ibermegi meýilleşdirýärler.
Bägül MERDANOWA,
Tükmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnlistikasy fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.



