Habarlar

Wengriýanyň Premýer-ministri Türkmenistana resmi sapar bilen geldi

09-06-2023 / 9

8-nji iýunda Wengriýanyň Premýer-ministri Wiktor Orbanyň Türkmenistana iki günlük resmi sapary başlandy. Günüň ikinji ýarymynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Wengriýanyň Hökümetiniň Baştutany bilen duşuşdy.

Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlary bilen gatnaşyklarynyň has işjeňleşen döwründe Wengriýanyň Hökümetiniň Baştutanynyň sapary ýurdumyzyň abraýynyň belende galýandygynyň we durmuşa geçirýän daşary syýasatynyň netijeliliginiň nobatdaky subutnamasydyr. Ählumumy parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň bähbidine giň halkara hyzmatdaşlygy ýola goýmak şol syýasatyň strategik ugry bolup durýar.

Şu gezekki türkmen-wenger gepleşiklerine ýokary derejede taýýarlyk işleriniň geçirilendigini hem-de oňyn gyzyklanmany nazara almak bilen, Aşgabatda boljak duşuşygyň özara bähbitli hyzmatdaşlygyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine kuwwatly itergi berjekdigini ynamly aýtmak bolar. Bu hyzmatdaşlyk ägirt uly kuwwata eýedir. Taraplar şol mümkinçilikleri öz halklarynyň bähbidine ulanmagy göz öňünde tutýarlar. Meýilleşdirilen duşuşyklarda ara alyp maslahatlaşmak üçin girizilen meseleler taraplaryň ýola goýan netijeli syýasy-diplomatik gatnaşyklaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmaga, söwda-ykdysady we däp bolan medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge çalyşýandyklarynyň aýdyň subutnamasyna öwrüler.

Ynanyşmak, netijelilik ýagdaýynda geçen söhbetdeşligiň barşynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy we dostlukly ýurduň Hökümetiniň Baştutany özara gyzyklanma bildirilýän giň ugurlar boýunça türkmen-wenger hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýy, ony mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegi barada pikir alyşdylar. Duşuşygyň dowamynda aýry-aýry möhüm ugurlara aýratyn üns berildi. 

Bellenilişi ýaly, tebigy gazyň ägirt uly gorlaryna eýe bolan Türkmenistan özara bähbitli hyzmatdaşlyk üçin açykdyr we bu meseläni has içgin ara alyp maslahatlaşmaga taýýardyr. Amatly geografik ýagdaýa eýe bolan ýurdumyz ulag ulgamynda hem özara gatnaşyklara, degişli kommunikasiýa düzümini giňeltmäge, üstaşyr ulag geçelgeleri, ilkinji nobatda, Gündogar — Günbatar ugry boýunça geçelgeleri döretmäge uly ähmiýet berýär.

Dünýäde derman serişdelerini köp möçberde eksport edýän ýigrimi ýurduň hataryna girýän Wengriýanyň uly tejribesini nazara almak bilen, saglygy goraýyş ulgamy, hususan-da, derman senagaty hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanda derman serişdelerini we lukmançylyk önümlerini öndürýän bilelikdäki önümçilik kuwwatlyklaryny döretmek baradaky teklip beýan edildi.

Mundan başga-da, hyzmatdaşlygyň birnäçe ugurlaryna üns çekildi. Wengriýanyň Hökümetiniň Baştutanynyň Türkmenistana resmi sapary dowam edýär.

Röwşen MYRADOW,
TDIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň 2-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu