SliderSöz içinde gelin-gyzlar bolanda...

Zenan wepadarlygynyň nusgasy

09-06-2023 / 28

Alyslarda galan taryha ser salsak, zenan ejizligine däl-de, zenan gaýratyna has köp gözümiz düşer. Muňa mysal edip, biziň eýýamymyzdan öňki VI asyrda ýaşap geçen ýunan taryhçysy Ktesiýniň şa aýaly Zerinaý barada aýdanlary aklyňa gelýär. Ol: «Şol döwürde saklara harby işlere berlen, batyrgaýlykda, başarjaňlykda beýleki sak aýallaryndan saýlanýan Zerinaý atly aýal patyşalyk edýärdi. Bu halkyň aslynda ärleri bilen birlikde howply harby işlere gatnaşyp bilýän edermen zenanlary bardy, ol welin, aýdyşlaryna görä, gözelligi bilenem hemmelerden saýlanýardy. Çünki ol öz edermenlikleri bilen magtanýan sak halkyny özlerine tabyn eden serhetýaka wagşy basybalyjylary boýun egdirdi, birgiden şäherler gurdurdy, umuman, halky üçin bagtly ýaşaýşy döretdi» diýip ýazypdyr.  Ýa-da Parfiýa patyşasy Mitridat I -iň Siriýa hökümdary Dmitriýa durmuşa çykaran gyzy Rodogunanyň kyn günde öz halkynyň asudalygyny gorap, zenan bolsa-da erkek adamyň eşigini geýip, duşman bilen darkaşandygyny, şeýdip öz ýurduny halas edendigini aýtmak bolar.

Türkmen aýallarynyň Gündogaryň beýleki halklaryna garanyňda has erkin, gaýratlylyk, edermenlik görkezýän häsiýetleriniň bolandygynam aýratyn belläp geçmek gerek. General A.N.Kuropatkin bolsa  türkmen aýallary  hakynda: «Aýal hukuksyz däldir. Hatda ol erkekler bilen birlikde maslahatlara-da gatnaşyp bilýär, oturymly ýerlerinedir obalaryna duşman çozanda bolsa ogullary bilen deň durup söweşýär» diýip ýazýar.

Ahal sebitlerinde Çopan Kir atly batyryň özi hakynda hem-de onuň edermen aýaly hakynda gyzykly maglumatlar galypdyr. Çopan batyr 1816—1871-nji ýyllarda Ahal welaýatynyň çäklerinde ýaşap geçipdir.

Çopan Kir hakynda Ata Gowşudowyň «Perman»,  Ýazmyrat Mämediýewiň «Şapak» romanynda hem  agzalýar. Çopan batyr kyn ýagdaýa düşende, oňa aýalynyň kömek edendigi barada ençeme rowaýatlar bar. Rowaýatlarda aýdylşyna görä bir gün Çopan Kir goňşy halklaryň birine ýesir düşýär, ol şol ýerden ugruny tapyp, öz iline  bir hat ýollaýar. Ol haty Ahal ili, ýaşululary okap düşünmeýärler. Ýagny ol hatda «Ýüz gara goýun, ýüz ak goýun, ýüz işşek, şeýle goýunlaryň bäş ýüzüsi, olaryň öňüne pylany  tekäni hem pylany goçy salyp goýberiň» diýilýär. Ýaşulularyň içinden biri ol haty Çopanyň aýalyna okap beriň diýýär, çünki ol onuň bilen bile ýaşap çopanyň diline düşünýän adam. Şeýdip ol haty Çopan Kiriň aýalyna okap berýärler. Ony diňläp, aýaly bu hatyň manysyny adamlara şeýle beýan edýär: «Ýüz gerçek ýigitler, ýüz batyr ýigitler, şeýle batyrlardan düzülen bäş ýüz töweregi goşun. Onuň pylany teke diýýäni Nurberdi han, oňa bolsa Dykma Serdar ýoldaş bolup gelsin». Şeýdip,  hatyň üsti bilen Çopan Kiri şol ýerden boşatmak başardýar.

Mundan başga-da, Çopan Kiriň aýalynyň wepalylygy hakynda şeýle maglumat bar. Çopan Kiriň iline güýçli ýagy gelýär. Şonda Çopan öz aýaly bilen bir ýer kümede  gizlenýär. Olaryň bir hyrly tüpeňi bolup, şonuň bilen duşmany oka tutup başlaýarlar. Aýaly yzygider tüpeňe ok salyp berip durýar. Birdenem, duşman şol ýer kümäni oka tutup başlaýar. Garşydan atylan oklaryň biri Çopan batyryň elinden degipdir. Batyr: «wah» diýip, hyrlyny elinden gaçyrýar. Şol pursatda onuň aýaly: «Batyr ejizläpsiň-ow» diýip, bir gapdala ýykylypdyr. Çopan Kir aýalynyň birnäçe ýerinden ýaralanyp, ölüm halyna düşse-de, sesini çykarman, tüpeňi oklap durandygyny, diňe şondan soň bilip galypdyr. Aýalynyň mertligine öňdenem belet Çopan Kiri bu ýagdaý gaty aljyradypdyr. Aýaly ölüm howply ýaralansa-da, çopanyň söweşden ünsüni sowmajak bolup sesini çykarman durupdyr.

Çopan Kir şeýle edermen, wepadar, mährem aýalyny ýitirenine gaty gynanýar. Ol öz ýanyndan: «indi men hiç kime öýlenmerin» diýip, söz berýär.

Biz türkmen gyzlary taryhda ýaşap geçen şeýle edermen mert, wepaly ene-mamalarymyza guwanýarys, buýsanýarys. Biz hem mähriban, edermen enelerimizden nusga alyp, olaryň mertligini, asyllylygyny özümize ýörelge edinip,  asyllylygy, agraslygy, wepalylygy ýaş nesillerimizde terbiýeläris.  

Taýýarlan: Gunça PIRIÝEWA,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Lebap welaýat birleşmesiniň maliýe-ykdysadyýet bölüminiň müdiri, Zenanlar birleşiginiň işjeň agzasy.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu