Dünýäde iň hormatly hem meşhur içgileriniň biri hem çaýdyr. “Çaý” diýen söz hytaý dilinde çaý agajy, gaýnan çaý diýmegi aňladýar. Bu ösümlik Hytaýyň birnäçe etraplarynda ösdürilip ýetişdirilýär.
Gadymy Hytaý rowaýatlarynyň birinde (b.e.273-nji ýyl) imperator Şin Nunyň tötänlikde çaý diýen içgini döredendigi hakynda aýdylýar. Döredijilik işine ökde, lukmançylykdan gowy baş çykaryp bilýän imperator suwy gaýnadyp içseň, onuň adam saglygyna peýdalydygny bilipdir. Şonuň üçin hem ol öz hyzmatkärlerine suwy içmezden öň gaýnadyp bermegi buýrupdyr.
Bir gezek ol ýurduň çet künjekleriniň birine syýahata gidende, öz daş – töweregindäki adamlara içmek üçin suwy gaýnatmagy buýurýar. Imperatoryň hyzmatçylary suwy gaýnatmak üçin gazanyň aşagyny ýakyp, suwy guýupdyrlar, emma olar başga işler bilen gümra bolup, suwa seretmegi ýatlaryndan çykarypdyrlar. Şonda suwuň içine kamelin (çaý agajy) agajynyň ýapraklary gaçýar. Haçan-da imperator bu çaý suwuny içip görende, onuň tagamyny halapdyr. Soňra Şin Nun bu täsin içginiň adamyň şähdini açýandygny, oňa güýç berýändigni aýdypdyr. Şondan soňra çaýy derman hasaplapdyrlar we ony her gün içipdirler. Şu nukdaýnazardan seredeniňde, çaý b.e 300-nji ýyllarynda döräpdir.
Imperator Tanyň hökümdarlyk eden döwründe, ýagny b.e 780-nji ýylda çaý içgileri hakynda kitap ýazylýar. Bu kitap çaý hakynda ýazylan ilkinji kitapdyr. Onda çaý agajyny nirede we nähili ekmelidigi, çaý ýapraklaryny gaýtadan işlemegiň düzgünleri, gaýnatmagyň hem-de tagamyny barlamagyň ýollary ýazylypdyr.
Hytaý imperatory Sun öz köşgünde dürli çaý dabaralaryny gurapdyr. Onuň bu dabaralary hakynda suratlar çekilipdir, goşgular goşulyp, kitaplar ýazylypdyr. Şol döwürden başlap çaý öndürmegiň usullary kämilleşip, Aziýa döwletlerine we beýleki yklymlara ýaýrapdyr.
Abdylla HOMMAKOW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň 1-nji ýyl talyby.