SliderŽurnalistiň sahypasy

Halypa hormaty

07-06-2023 / 13

Islendik işde ýüňi ýeten, tejribe bilen beýgelen adama «Halypa gören» diýýärler. «Ýekäniň çaňy çykmaz» diýen pederlerimiz halypa-şägirtlik ýoluna iňňän uly ähmiýet beripdiler. Şeýdip, bu ýol asyrlardan-asyrlara kämilleşip gelipdir.

Men ýene-de sanlyja günlerden ak mekdepden uçurym bolup, durmuş mekdebine gadam basmaly. Durmuş mekdebinde esasy ýörelgämiň halypalarymyzdan ― mugallymlarymyzdan öwrenenlerimiz boljakdygyny ynam bilen aýdyp bilerin. Biz eziz halypalarymyzy mydama ýüregimizde götereris. Ýyllar geçdigiçe, olara bolan hormatymyz has artar.

Uýaýyn diýseňiz, gadym akyla,
Hergiz halypanyň göwnüne degmäň!
Ussat senden göwni galsa kyn bolýa,
Hergiz halypanyň göwnüne degmäň!

Senden gahar etse, öýkesin ýazyň,
Hormatyn tug deýin göterip geziň.
Derdi artar birden galaýsa göwün,
Hergiz halypanyň göwnüne degmäň!

Seniň üçin edendir köp alada,
Öwüt-nesihatyn salyp ýör ýada.
Bar ynsandan eziz saňa dünýäde,
Hergiz halypanyň göwnüne degmäň!

Seniň üçin ähli zada dözüpdir,
Geljegiňe ynam bilen gezipdir.
Halypanyň göwni gülden näzikdir,
Hergiz halypanyň göwnüne degmäň!

Halypa ussatlar gaty gyt bolar,
Sylag hormat etseň göwni şat bolar.
Ynjytsaň, başyňa kyn günler geler,
Hergiz halypanyň göwnüne degmäň!

Durmuşdyr bu, ugrarsyň uzak ýola,
Yraga, ýakyna, saga ýa sola.
Ynjytma-da, ondan ak pata alaý,
Hergiz halypanyň göwnüne degmäň!

Aklyk bolar – halypanyň ynamy,
Päklik bolar – işiň oňyn bolany!
Ata baba şoňa uýup geleni,
Hergiz halypanyň göwnüne degmäň!

Sähelçe göwni bar göterjek boluň,
Şägirtlik borjuňyz bitirjek boluň!
Her pursat şu jümläni ýada salyň,
Hergiz halypanyň göwnüne degmäň!

Baky däldir, tapmarsyň soň bir güni,
Göwni galsa, solar galar görgüli!
Ýaşadyň agyrtman onuň ýüregni
Hergiz halypanyň göwnüne degmäň!

Rozygül HUDAÝBERDIÝEWA,
Hojambaz etrabyndaky 35-nji orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu