Göwün küýsegiSlider

Konfusiýniň paýhas bakylygy

07-06-2023 / 22

Asylly adam – il aladasy, pes adam öz gaýgysy bilen ýaşaýar.

Ownuk zatlarda özüni saklap bilmezlik – uly işleriň ýoguna ýanýar.

Özüňe islemeýän zadyňy özgä-de etme.

Öz nadanlygyny bilip, bilimiň gözlegine çykan adama öwüt bergin. Özüniň gymmatly pikirlerini aýdyp bilmeýäne öz kömegiňi ber. Öz dörtburçlugynyň bir burçuny tanap, galan burçlary hakynda bilmäge ukyply adamy okatgyn.

Hakyky adamkärçilik bizden daşdamy? Eger isleseň, ol derrew seniň ýanyňda peýda bolar.

Bilim bolmasa, edepsizlk öz-özüňi gynamaklyga öwrüler. Bilim bolmasa, seresapsyzlyk  hökman gorkaklyga öwrüler. Bilim bolmasa, açykgöwünlilik gödeklige öwrüler.

Eger döwletiň patyşasy ene-atasyny hormatlaýan bolsa, ýönekeý ynsanlary hem adamkärçilikli bolar.

Hakyky adamkärçilikli ynsan ähli zady öz güýjüne daýanyp etmäge çalşar.

Diňe hakyky adamkärçilikli ynsan söýmegi hem ýigrenmegi başarýar.

Kim könä ýüzlenip, täze zat açmany başarýan bolsa, şol mugallym bolmaga mynasypdyr.

Päk ahlakly adam ýalňyz bolmaz. Onuň töwereginde hökman özi ýaly tapylar.

Meniň maksadym – hakykat, kömekçim – päk ahlak, daýanjym – adamkärçilik, kalbyma basalyk berýän zadam – sungat.

Asylly adam ömründe üç zatdan gaça durmaly: güýji dyňzap duran ýigit wagty – yşkbazlykdan, kämillige ýeten wagty – bäsdeşlikden, garrylyga ýetip, güýç-kuwwaty azalan wagty – gysgançlykdan.

Alys geljekde ýüze çykmagy mümkin kynçylyklar hakynda pikir etmeýän adam ýakyndaky näsazlyklara büdreýär.

Mugallym şeýle diýdi: “Islendik obadaky öýleriň ondan birinden ýagşylyk etmekde yzyndan ýetdirmejek tapylar. Ýöne ylma, bilime bolan söýgide, teşnelikde welin, hiç kim menden ozduryp bilmez”.

Toplan: Maksat SERDAROW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň 2-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu