Bagt hakynda söhbet etmek örän ýakymly. Onuň jümmüşinde ýaşaýyş we durmuş hakynda pelsepe bar. Biziň pikirimizçe, bagt üç topara bölünýär: şahsy bagt, maşgala bagty, ählumumy bagt. Bular bir-birleri bilen aýrylmaz baglydyr, ýöne olar şahsyýetiň bagtyndan gözbaşyny alýar.
Ynsan dogulýar, onuň ömür menzili bilen birlikde bagty hemra bolýar. Çünki bagtyň mazmuny dünýä inmekden başlanýar. Çaga kemala gelenden soň terbiýelenýär, gowy okamak we jemgyýetçilik ýerlerinde özüňi oňat alyp barmak ýaly ýörelgelere eýerýär. Söýýän hünärini saýlamak onuň ýaşaýyş-durmuşynyň esasy basgançagy hasaplanýar. Ýöne nähili hünäri saýlamaly?! ,,Saýlan hünäriň saňa peýda getireni ýeterlikmi?!” diýen ýaly soraglaryň jogaby mydama kalbyňda ýaşamaly.
Her bir ynsan öz ykbalyny özi bezeýär. Adam öz söýýän hünärini ele almaly. Durmuşyň şahsyýeti kämilleşdirýär, tejribesini artdyrýar.
Mahmyt Zamahşarydan kesp-kär, hünär barada sorapdyrlar. Şonda ussat şeýle diýipdir: ,,Kesp-kärli, hünärli bolmak ykbala tikilen ajap lybasdyr. Owadan lybasly adamlara seretmek örän ýakymly. Şonuň üçin hem ynsan kesp-kärli, hünärli bolup, özgelere görelde bolsa, onuň il içindäki abraýy hem artar.
Sagdyn bedenli, giň dünýägaraýyşly we kämil bilimli bolmak hem şahsyýetiň bagtly bolmagyna oňyn täsir edýär, Mylakatly, gülerýüzli, edep-terbiýeli bolmak ynsan mertebesini beýgeldýär.
Oňat dost hem uly bagtdyr. Dostuň gadyry, hormaty aýratyn bolýar. Bu barada halkymyzda “Dost — dostuň aýnasy”, “Ýigidi dostundan tana” diýen ýaly paýhasly sözler bar.
Her bir maşgalanyň agzybirligi maşgala bagtyýarlygynyň esasyny düzýär. Bu bolsa jemgyýetiň bitewüligidir. Hoja Ýusup Hemedany: “Abraý gazanyň. Siziň gazanan abraýyňyza ýedi arkaňyz saýalar” diýen paýhasy aýdypdyr.
Kümüş KAKYŞOWA,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň 2-nji ýyl talyby.