Siziň üçin...Slider

Düýäniň ödi ‎‎ýok…

06-06-2023 / 14

Il arasynda öte giň häsiýetli, äwmezek, sähel-mähel gaty-gaýrym sözi göwnüne almaýan, «dünýäni suw alsa-da, topugyndan däl» diýilýän adamlara «Ödi ýok ýaly» diýýärler. Ol giň göwünliligiň, arkaýynlygyň alamaty ýaly aňladylýar.

Halk arasynda rowaç bolan aýtgydyr sanawaçlarda bolsa, «Asmanyň sütüni bolmaz, düýäniň ödi bolmaz…» diýen ýaly sözler. Şu jähetden seretsek, dünýe maly hasaplanýan düýe maly hem örän giň, äwmezek, sabyrly, köp zada biparh bakýan, ähmiýet bermän geçip gidiberýän jandar mysalynda. «Düýäniň ödi ýok, äwmezek diýýärler. Ödi bolmasa-da, öji örän ýowuz. Düýe örän kineçil haýwan» diýip, sarwanlaryň biri gürrüň berýär. (Sarwan –  düýe çopany).

«Düýe malynyň gowy häsiýetleri örän kän. Ýöne, bir zatda göwni galsa, ynjasa welin, kinesini asla unutmaýar. Sarwan ýaşuly düýe malynyň ähli häsiýetine, onuň bilen bagly taryhy kyssalara belet bolmaly. «Düýäniň piri Weýis baba. Ol hem ömrüni düýe bakyp geçiripdir. Taryhda oňa Uweýsul-Karany diýilýär.  Düýe maly — dünýe maly, ol iň bereketli haýwanlaryň biri hasaplanylýar. Eti, süýdi, ýüňi, mahlasy ony durky-düýrmegi bilen peýdalanyp bolýar. Lukman Hekim ahyrky demini sanap ýatyrka, töwereginde egele bolup duran adamlar: «Sen gitseň, sizden soň biz kime daýanarkak?» diýip soranlarynda, «Düýäni unutmaň. Düýe janly dermanhanadyr» diýipdir.

Haýsydyr bir dermanlyk oty peýdalanmaly bolsaňyz, şol oty düýe malyna iýdirip, yz ýanyndan sagylan süýdi içseňiz, şol dermanlyk häsiýet düýe süýdünde peýda bolýar.  Düýe maly örän ýatkeş bolýar. Endik eden ýolundan gije ýöresin, gündiz ötsün, asla azaşmaýar. Ol örän düşbi, akylly, duýgur jandar. Agyr ýük götermäge ukyply we çydamly bolýar. Üsti agyr ýükli-kä hem uzak ýollary geçip bilýär. Sowuga, yssa çydamly haýwan. Suw ýok halatynda bir hepde-on günläp suwsuz oňňut edip bilýär. Düýe ýüňünden örülýän alaja dermanlyk häsiýete eýedir.

Abdyrahym GURBANOW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň 2-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu