Mikrokompýuterler 1970-nji ýyllarda kompýutersöýüjiler tarapyndan şahsy maksatlary üçin döredilip başlanypdyr. Emma az wagtyň dowamynda mikrokompýuterler hemmeleriň göwnünden turmagy başardy.
1975-nji ýylda IBM kompaniýasy ilkinji kiçi göwrümli IBM 5100 kysmy kompýuteri hödürledi. Häzirki zaman şahsy kompýuterleriň ilkinji görnüşini bolsa Apple kompaniýasy hödür etdi. Kompýuterleri operasion sistema degişli programmalaryň esasynda işletmeklik ilkinji hatarda Apple, soňra Microsoft kompaniýasy girişýär.
Kompýuter programmalary aslynda kompýuteri işe goýberýän programma üpjünçiligidir. Programma üpjünçiligi iki sany esasy topara bölünýär: sistematiki programma üpjünçiligi we applikasýon programma üpjünçiligi. Sistematiki programma üpjünçiligi kompýuteri işe goýberip, ulanmaklyga mümkinçilik berýär. Başgaça aýdanymyzda, awtoulagy otlap berýär. Applikasýon programma üpjünçiligi bolsa, kompýuterde etjek bolýan işlerimizi ýerine ýetirmeklik üçin ulanylýar. Ýagny awtoulagy sürmeklige mümkinçilik berýär.
Netijede, applikasýon programma üpjünçiligi gerek bolan işimizi ýerine ýetirip berýär. Meselem, tekst ýazmak, aýdym diňlemek, surat işlemek we ş.m.
Apple we Microsoft dünýäde şahsy kompýuterler üçin ilkinji bolup applikasýon programma üpjünçiliginiň üstünde işlän şahsy kompýuterler adamlaryň arasynda, bazar söwdasynda we ylymda uly abraýa eýe boldy. Dünýä ýüzüniň ähli künjeklerinde adamlar özlerine şahsy kompýuterleri satyn alyp başladylar. Şunluk bilen hem kompýuter rewolýusiýasy başlady.
Nurulla MERETBAÝEW,
TOHI-niň Maglumat ulgamlary we tehnologiýalary taýýarlyk ugrunyň 2-nji ýyl talyby.